Hytaý TikTok-y Ilon Maska satmagy maslahatlaşýar. Sosial tor muny inkär edýär.

  • 16.01.2025 14:09
  • 8.2k+

Hytaýyň häkimiýeti TikTok-nyň ABŞ-daky şahamçasyny Ilon Maska satmagy we şeýdip programmanyň gadagan edilmeginiň öňüni almagy maslahatlaşýarlar diýip, Bloomberg habar berýär.

ABŞ-nyň Ýokary kazyýeti TikTok-nyň düýbi Hytaýda ýerleşýän ByteDance-den aýrylmagyny talap edýän kanunyň üstünde işleýär. Eger bu kanun güýje girse, TikTok ABŞ-da gadagan edilip bilner. Hytaý häkimiýeti sosial toruň ByteDance-de galmagyny isleýärler, ýöne eger zerur bolsa, ABŞ-daky dolandyryşy Ilon Maska bermek pikirini hem göz öňünde tutýarlar.
Mask Hytaý bilen aragatnaşygy gowy telekeçi hökmünde häzirki ýagdaýda iň amatly çykalga bolup görünýär. Onuň iň iri Tesla zawody Hytaýda ýerleşýär. Şeýle-de, TikTok-daky maglumatlar Ilon Maskyň emeli aň bilen iş alyp barýan xAI kompaniýasy üçin hem peýdaly bolup biler.
TikTok-dan paýnamalarynyň belli bir bölegini satmagyny talap edýän kanun 2024-nji ýylda güýje giripdi. Kanunyň tarapdarlary sosial toruň ABŞ-nyň milli howpsuzlygyna howp döredýändigi baradaky pikirleri öňe sürýär. TikTok bolsa muny inkär edip, söz azatlygynyň bozulýandygyny belleýär.
TikTok Mask bilen bagly gürrüňleri düýbünden ret edýär we “toslama” diýip atlandyrýar. Ilon Mask bolsa bu meselede düşündiriş bermekden ýüz öwürýär.


düýn 14:01
5.8k+

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölüne ekspedisiýa gurady

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölünde bilelikdäki ylmy-gözleg ekspedisiýasyny geçirdi....

10.06.2026 16:26
5.3k+

ABŞ-nyň kazyýeti iş wizalary üçin 100 müň dollarlyk tölegi ýatyrdy

ABŞ-nyň federal kazyýeti prezident Donald Trampyň administrasiýasy tarapyndan H-1B wizalaryny almak üçin arza berilende girizilen 100 müň dollarlyk mejbury tölegi kanunalaýyk däl diýip ykrar etdi. Bu barada......

10.06.2026 08:04
9.2k+

Hytaýly raýat 32 gaty bolan binanyň 34-nji gatyndan öý satyn aldy

Hytaýyň Şensi welaýatynyň ýaşaýjysy ahyrynda binada bary-ýogy 32 gatyň bardygy belli bolandan soň, gurulýan binanyň 34-nji gatyndan satyn alan öýi üçin tölän serişdelerini kazyýet arkaly yzyna almaly boldy....

09.06.2026 08:03
15k+

Kazyýet işi Ak tamyň ýanynda geçirilmeli UFC ýaryşyny howp astynda goýdy

UFC ýaryşynyň geçirilmegine bir hepde galanda, ABŞ-nyň harby güýçleriniň weteranlaryny hem öz içine alýan bir topar raýat bu çäräni gadagan etmegi talap edip, käzyýete ýüz tutdular....