TikTok 19-njy ýanwarda ABŞ-da işini bes edip biler. Şol gün degişli kanun güýje girer

  • 12.01.2025 19:02
  • 9.7k+

ABŞ-nyň Ýokary kazyýeti ýurtda TikTok-y işlemegini gadagan etmek baradaky kararyny gijikdirmese ýa-da ýatyrmasa, programma 2025-nji ýylyň 19-njy ýanwaryndan başlap ABŞ-da işlemegini bes edip biler diýip, Hypebeast portaly ýatladýar.

2024-nji ýylyň aprelinde prezident Jo Baýden düýbi Hytaýda ýerleşýän ByteDance kompaniýasyndan TikTok-daky paýyny satmagyny talap edýän kanuna gol çekdi, çünki ABŞ-nyň hökümeti bu platforma milli howpsuzlyga howp salýar diýip hasaplaýar. Bu iş boýunça kazyýet diňlenşikleri 10-njy ýanwarda başlandy.
Euronews-yň maglumatlaryna görä, ABŞ-nyň Ýokary kazyýeti, megerem, TikTok wideo akymy platformasynyň ABŞ-da işlemegini gadagan edýän kanuny goldasa gerek. Milli howpsuzlyga salynýan howp baradaky deliller TikTok-nyň ýa-da ABŞ-nyň 170 million ulanyjysynyň söz azatlygynyň çäklendirilmegi baradaky ätiýaçlanmalardan üstün gelýär. ABŞ-nyň hökümeti TikTok-y "Hytaýyň troýa aty" diýip atlandyrýarlar.
Ýokary kazyýetiň başlygy Jon Robertsiň sözlerine görä, esasy mesele platformanyň Hytaýyň ByteDance kompaniýasyna degişlidigi we Hytaýyň hökümeti bilen hyzmatdaşlyk etmek talaby bilen bagly.
TikTok-nyň eýeleri hem öz gezeginde ulanyjylaryň maglumatlaryny goramakda günbatarly bäsdeşlerinden has köp tagalla edýändiklerini hem-de howpuň YouTube-yňkydan ýa-da Instagram-yňkydan uly däldigini öňe sürýärler.
Kanun güýje girse, TikTok amerikan ulanyjylarynyň enjamlaryndan düýbünden ýok bolup gitmez, emma programmany täzelemek ýa-da göçürip almak mümkinçiligini ýitirerler. Bu platformanyň meşhurlygyna we girdejisine täsir eder.
Kompaniýa hatda gysga möhlete ýapylmagyň hem uly zyýan ýetirip biljekdigini duýdurýar – işläp düzüji bir aýyň içinde gündelik ulanyjylarynyň üçden birini ýitirip biler we mahabat girdejisi ep-esli azalar.
Ondan öň ABŞ-nyň saýlanan prezidenti Donald Tramp kazyýete ýagdaýy çözmek üçin täze administrasiýa wagt bermegini sorapdy. Kazylaryň bu ýüzlenmäni göz öňünde tutjagy-tutmajagy entek belli däl.


10.06.2026 16:26
5.4k+

ABŞ-nyň kazyýeti iş wizalary üçin 100 müň dollarlyk tölegi ýatyrdy

ABŞ-nyň federal kazyýeti prezident Donald Trampyň administrasiýasy tarapyndan H-1B wizalaryny almak üçin arza berilende girizilen 100 müň dollarlyk mejbury tölegi kanunalaýyk däl diýip ykrar etdi. Bu barada......

09.06.2026 08:03
15k+

Kazyýet işi Ak tamyň ýanynda geçirilmeli UFC ýaryşyny howp astynda goýdy

UFC ýaryşynyň geçirilmegine bir hepde galanda, ABŞ-nyň harby güýçleriniň weteranlaryny hem öz içine alýan bir topar raýat bu çäräni gadagan etmegi talap edip, käzyýete ýüz tutdular....

04.06.2026 23:16
5.1k+

ABŞ-nyň kazyýeti iň uly atmosfera barlaglary merkeziniň başga operatora geçirilmegini gadagan etdi

ABŞ-nyň Federal kazyýeti döwlet edaralarynyň amala aşyrýan çäreleriniň kanunylygyny şübhe astyna alyp, ABŞ-nyň Atmosfera barlaglary boýunça milli merkeziniň (NCAR) superkompýuter merkezini başga bir operatora......

03.06.2026 18:12
6.7k+

Google çybynlaryň sanyny azaltmak üçin tebigata 32 million çybyn goýberer

Google kompaniýasy çybynlar arkaly ýaýraýan kesellere garşy göreşmek maksady bilen, Kaliforniýada we Floridada ýörite işlenilen 32 milliona çenli çybyny tebigata goýbermegi göz öňünde tutýan taslamany durmuşa......