Halkara bilermenleri semizlik hakyndaky düşünjä täzeden seretmegi teklip edýärler

  • 21.01.2025 13:03
  • 8.6k+

Halkara iş topary, semizlik düşünjesine täzeden seretmegi we anyklaýyşda diňe beden agram indeksine (BAI) bil baglamazlygy maslahat berýär. Iş toparynyň netijeleri, The Lancet Diabetes & Endocrinology žurnalynda çap edildi.

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) wekillerini hem öz içine alýan bilermenler topary, diňe BAI-ne esaslanýan häzirki düşünjäniň ýagdaýlaryň dürlüligini doly beýan etmeýändigini we nädogry netijelere alyp gelýändigini bellediler. Iş topary semizligi iki görnüşe bölmegi teklip etdi: kliniki we dokliniki.
Kliniki semizlik – bu artykmaç ýag dokumasy sebäpli agzalaryň we beýleki dokumalaryň işiniň bozulmagy bilen bagly dowamly keseldir.
Dokliniki semizlik – bu bedende köp mukdarda ýag bolup, agzalaryň işiniň bozulmadyk ýagdaýdyr. Şeýle-de bolsa, bu ýagdaý kliniki semizligiň we beýleki keselleriň döremegine we ösmegine bolan howpy ýokarlandyrýar.
Iş topary BAI-ni diňe umumy töwekgelçiligi bahalandyrmak üçin ulanyp bolar diýip maslahat berýär. Emma belli bir adamda semizligi anyklamak üçin goşmaça faktorlary, ýagny ýag dokumalarynyň möçberini ýa-da biliň daşynyň ululygyny, şeýle hem ýaşy, jynsy we etniki gelip çykyşy göz öňünde tutmaly. Semizlik anyklanylanda, onuň görnüşini kesgitlemek üçin goşmaça barlaglar zerurdyr.
Kliniki semizlik bilen ýaşaýan adamlara bejergi gerek, dokliniki semizlik bilen ýaşaýanlara bolsa öňüni alyş çäreleri üçin maslahat we gözegçilik gerek.


düýn 17:46
1.2k+

Beýik Britaniýada düwnük çişlerini ýok edýän sanjym synagdan geçirildi

Beýik Britaniýada «Amiwantamab» derman serişdesiniň kliniki barlaglary tamamlandy. Synaglaryň dowamynda kelläniň we boýnuň düwnük keseliniň agyr görnüşlerinden ejir çekýän hassalaryň käbirinde çişleriň ep-esli......

düýn 15:54
2.3k+

Hytaý dünýäde ilkinji bolup beýni implantynyň täjirçilik maksatly ulanylmagyna rugsat berdi

Hytaý dünýäde inwaziw «beýni–kompýuter» interfeýsiniň (Brain-Computer Interface, BCI) täjirçilik maksatly ulanylmagyny resmi taýdan tassyklan ilkinji ýurt boldy....

04.06.2026 07:25
4.7k+

Ýewropanyň saglygy goraýyş işgärleriniň tas üçden birinde düwnüge uçramak töwekgelçiligi bar

Ýewropanyň zähmet wezipelerinde howpsuzlyk we saglygy goramak baradaky agentliginiň (EU-OSHA) geçiren barlagy, Ýewropadaky lukmançylyk we durmuş üpjünçiligi pudagynyň işgärleriniň 29,5 göteriminiň iş......

03.06.2026 23:34
4.9k+

Parižiň golaýyndaky psihiatriýa hassahanasy näsaglary eşek terapiýasy arkaly bejerýär

Parižiň gündogaryndaky Wil-Ewrar hassahana toplumynda Fransiýada ýeke-täk eşek terapiýasy bölümi hereket edýär. Depressiýa, howsala, autizm, şizofreniýa we başga-da dürli keselli näsaglar bilen işleýän bu......