ABŞ-da rekord aralyga uçup bilýän robot mör-möjek döredildi

  • 20.01.2025 12:06
  • 9.4k+

Alymlar dünýäde mör-möjekleriň, esasanam arylar bilen kebelekleriň azalmagyndan alada edýärler. Bu ýagdaý oba hojalygynda uly mesele döredip biler, sebäbi ösümlikleri tozanlandyrmak üçin mör-möjekler zerurdyr. Bu meseläni çözmek üçin alymlar ownuk robot mör-möjekleri işläp düzýärler. Bu robotlar ösümlikleri hakyky mör-möjekler ýaly tozanlandyryp bilýär diýip, Massaçusets tehnologiýa institutynyň (MIT) resmi web saýtynda habar berilýär.

MIT-niň alymlary täze robot mör-möjegiň ilkinji nusgasy bilen tanyşdyrdylar. Täze robot dört goşa ganatly we kiçi göwrümli bolup, öňki görnüşine garanyňda 100 esse uzak wagt – ýagny 1000 sekunt (17 minuda barabar) uçmagy başardy. Indiki maksat uçuş wagtyny 10 müň sekunda, ýagny takmynan 3 sagada ýetirmekdir.
Täze gurluşly robot öňküsine garanyňa has durnukly bolup, ol howada yzygider iki gezek salto aşyp bilýär. Şeýle hem robotyň içindäki boş ýer elektroniki gurluşlary we batareýalary ýerleşdirmäge mümkinçilik berýär. Robotyň ganatlary, elastomer (süýnýän) materialdan we uglerod nanoturbalaryndan ýasalan elektrodlar arkaly hereket edýär. Täze tehnologiýa robotyň ganatlaryna has güýçli itergi bermäge mümkinçilik berýär.
Alymlar robot mör-möjekler arkaly howada “MIT” ýazgysyny şekillendirdiler.
Bu ösüşler entek hakyky mör-möjekleriň derejesine ýetmese-de, alymlaryň öňegidişligi uly täsir galdyrýar.


düýn 18:51
4.7k+

Täze Honor X80 Pro Max smartfony çykyp-çykmanka Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Honor kompaniýasy sygymy 11 000 mA/sag bolan akkumulýator bilen üpjün edilen X80 Pro Max smartfonyny resmi taýdan hödürledi. Şeýle uly göwrümli batareýasy sebäpli, gurluş entek çykyp ýetişmänkä «smartfonyň......

21.06.2026 16:10
3.7k+

ABŞ-a we Hytaýa jogap: ÝB 400 mlrd parametrli özbaşdak EA dil modeliniň döredilmegini maliýeleşdirer

Ýewrokomissiýa fewral aýynda badalga berlen «Frontier AI Grand Challenge» bäsleşiginiň jemlerini yglan etdi. Italiýanyň Domyn IT-kompaniýasynyň ýolbaş-çylygyndaky «Europa» konsorsiumy bu bäsleşigiň ýeňijisi......

20.06.2026 09:37
2.1k+

99,9% takyklyk: «Helios» kwant kompýuteri täze dünýä rekordyny goýdy

Sandia kompaniýasynyň amerikan hünärmenleri 98 kwbitlik täze «Helios» kwant kompýuterini görkezdiler. Enjam bazarda elýeterli bolan ähli täjirçilik gurluşlarynyň arasynda hasaplamalaryň takyklygy boýunça......

19.06.2026 18:36
1k+

ABŞ-nyň hökümeti Anthropic-iň iki EA modeliniň işini gadagan etdi

Anthropic kompaniýasy ABŞ-nyň häkimiýetlerinden daşary ýurt raýatlarynyň bu ulgamlary ulanmagyny çäklendirýän görkezmäni alandan soň, Fable 5 we Mythos 5 modellerine elýeterliligi bes edendigini habar berdi....