Raşid Meredow Gazagystanyň daşary işler ministri bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

  • 16.01.2025 15:33
  • 2.8k+

Şu gün, 16-njy ýanwarda Türkmenistanyň wise-premýeri, daşary işler ministri Raşid Meredow Gazagystanyň Premýer-ministriniň orunbasary, daşary işler ministri Murat Nurtleu bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga degişli köp sanly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Şol bir wagtyň özünde, daşary syýasat edaralaryň ýolbaşçylary halkara gün tertibiniň möhüm ugurlary boýunça pikir alyşdylar hem-de sebit we halkara gurluşlaryň çäklerindäki özara gatnaşyklary dowam etdirmegiň möhümdigini tassykladylar.


düýn 17:31
1k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

düýn 15:39
1.7k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
2.8k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

04.06.2026 12:34
4.4k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....