Angliýada “dinozawrlaryň ýoly” tapyldy. Ol yzlar 166 million ýyl mundan ozal galdyrylypdyr

  • 14.01.2025 17:06
  • 8.7k+

Beýik Britaniýada Oksfordşirdäki “Dýuars Farm” käninde alymlar dinozawrlaryň 166 million ýyllyk ýaşy bolan 200 töweregi aýak yzyny tapdylar. Bu yzlar ot iýýän äpet zawropodlara we ýyrtyjy megalozawrlara degişlidir diýip, CNN habar berýär.

2023-nji ýylda ýerdäki adaty bolmadyk nätekizlikleri ilkinji bolup Geri Jonson atly işçi gördi. Bular soňra Beýik Britaniýanyň gadymy süýrenijiler ýaşan iň uly ýerinden geçen dinozawrlaryň aýak yzlarydygy anyklandy.
Alymlar 2024-nji ýylyň tomsunda gazuw-agtaryş işlerine başladylar we onuň dowamynda bäş dürli ýodany tapdylar. Olaryň iň uzyny 150 metre ýetýär.


Zawropodlaryň 90 santimetr uzynlykdaky yzlarynyň arasynda uzynlygy 65 sm bolan iri ýyrtyjy megalozawrlaryň yzlary hem bar. Gözlegler dinozawrlaryň sagatda, takmynan, 5 km tizlikde hereket edendigini görkezdi, bu adamyň tizligi bilen deňdir.
Çygly toprak ýaly üýtgeşik ýer şertleri yzlaryň ajaýyp ýagdaýda saklanmagyna  kömek edipdir. Şeýle tapyndylar alymlara dinozawryň özüni alyp barşy, hereketi we jemgyýetçilik gurluşlary barada gymmatly maglumatlary berýär hem-de bu gadymy jandarlaryň daşky gurşaw bilen nähili täsirleşendigine has gowy düşünmäge kömek edýär.


düýn 10:53
1.7k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.1k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.2k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....