Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistan bilen strategik hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça teklipleri goldady

  • 31.12.2024 09:48
  • 6k+

30-njy dekabrda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň ýakyn goňşusy hem-de ygtybarly hyzmatdaşy bolan Özbegistan Respublikasy bilen özara bähbitli gatnaşyklara ýurdumyzyň daşary syýasatynyň möhüm ugry hökmünde garalýandygyny belledi. Häzirki wagtda iki ýurduň arasyndaky netijeli gatnaşyklar dostlugyň berk binýadyna, ähli ugurlarda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga bolan syýasy erke esaslanýar. Şunuň bilen baglylykda, söhbetdeşler soňky ýyllarda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň hil taýdan täze derejä çykarylandygyny kanagatlanma bilen nygtadylar.
Bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk ugurlaryň giň gerimini öz içine alýar. Şunda ulanylmadyk ägirt uly kuwwatyň bardygy aýdyldy. Onuň durmuşa geçirilmegi özara bähbitli hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmaga ýardam berer. Şunuň bilen birlikde, ikitaraplaýyn medeni-ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrmagyň möhümdigine üns çekildi.
Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň doganlyk Özbegistan bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga taýýardygyny we strategik hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça teklipleri hem-de başlangyçlary goldaýandygyny tassyklady.


27.06.2026 19:38
5.2k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
1.9k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3.1k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.4k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......