Gurbanguly Berdimuhamedow Walentina Matwiýenko bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

  • 30.12.2024 06:43
  • 4.1k+

28-nji dekabr rus tarapynyň başlangyjy boýunça Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy.

Söhbetdeşligiň dowamynda 2025-nji ýylda özara hyzmatdaşlygyň geljegi barada pikir alşyldy. 2025-nji ýyl BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň başlangyjy boýunça “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edildi. Şunuň bilen baglylykda, ählumumy syýasata dialog we hormat goýmak medeniýetini gaýtaryp getirmekde dünýä jemgyýetçiliginiň tagallalaryny birleşdirmegiň möhümdigine üns çekildi.
Gurbanguly Berdimuhamedow Walentina Matwiýenko Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýanyň zenanlarynyň ikinji dialogyny geljek ýylyň maýynda Hazar deňziniň türkmen kenaryndaky «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirmek mümkinçiligine seretmegi teklip etdi. Bu möhüm çäre Hazar deňziniň parahatçylyk, ylalaşyk, hoşniýetli goňşuçylyk we netijeli hyzmatdaşlyk deňzi, duşuşyklaryň, dialogyň, özara düşünişmegiň ýeri hökmündäki taryhy ornuny nobatdaky gezek tassyklar.
Söhbetdeşligiň barşynda türkmen halkynyň Milli Lideri dostlukly ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygy täze derejelere çykarmak üçin mundan beýläk-de tagalla etmäge taýýardygyny tassyklady.
Belläp geçsek,
 Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýanyň zenanlarynyň birinji dialogy 2022-nji ýylda Türkmenistanda üstünlikli geçirildi.


27.06.2026 19:38
5.2k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
1.9k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3.1k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.4k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......