Aşgabatda Bitaraplygyň dostlary toparynyň ýokary derejeli mejlisi geçirildi

  • 12.12.2024 23:19
  • 2.7k+

11-nji dekabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň bähbidine Bitaraplygyň dostlary toparynyň ýokary derejeli mejlisi geçirildi.

Mejlise bu topara gatnaşýan ýurtlaryň wekilleri, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, şeýle hem Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň we konsullyk edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.
Mejlisiň barşynda oňa gatnaşyjylar Bitaraplygyň dostlary toparynyň netijelidigini bellediler. Toparyň yzygiderli giňelmegi hem muňa şaýatlyk edýär. Duşuşygyň dowamynda häzirki ählumumy wehimleri aradan aýyrmakda oňyn bitaraplygyň ýörelgelerinden peýdalanmagyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şu nukdaýnazardan, taraplar BMG-niň Tertipnamasynyň ýörelgeleri we halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalary esasynda, ählumumy ösüşiň möhüm meýillerini nazara almak bilen, Ählumumy howpsuzlyk strategiýasynyň işlenip taýýarlanmagy meselesine garadylar.
Mundan başga-da, parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi gazanmak üçin amaly hyzmatdaşlygy giňeltmegiň anyk usullary barada pikir alyşmalar boldy.
Mejlise gatnaşyjylar bitaraplyk ýörelgelerini milli we halkara strategiýalara ornaşdyrmak arkaly Durnukly ösüş ugrunda 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Gün tertibini durmuşa geçirmegi dowam etdirmek barada ylalaşdylar.


düýn 19:38
2.7k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.1k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......