Türkmenistanda diplomatlara Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli ýubileý medallary gowşuryldy

  • 12.12.2024 10:53
  • 5.9k+

10-njy dekabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde, şeýle hem Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mejlisler zalynda Türkmenistanistanyň hem-de daşary ýurtlaryň diplomatik gulluklarynyň işgärlerine «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we ýadygärlik nyşanlar toplumyny gowşuryş dabaralary geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň saýtynda habar berilýär.

Dabaralara Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçy düzümi we işgärleri, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, Türkmenistandaky diplomatik korpusynyň ýolbaşçylary, halkara guramalarynyň wekilleri, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň professor-mugallymlary we talyplary, KHBS-iň wekilleri gatnaşdylar.
Döwlet sylaglarynyň eýeleri ösüp gelýän ýaş nesilleri türkmen halkynyň asyrlaryň dowamynda döreden milli gymmatlyklaryna, däp-dessurlaryna we adatlaryna hormat goýmak ruhunda, watançylyk, ýokary ahlaklylyk, zähmetsöýerlik, ynsanperwerlik, edermenlik, mertlik häsiýetlerinde terbiýelemäge, goşan uly şahsy goşantlaryny nazara alyp, bitiren işlerine berlen ýokary baha üçin Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gahryman Arkadagymyza hoşallyk sözlerini aýtdylar.
Mundan başga-da, diplomatlaryň medeniýetleriň özara baýlaşdyrylmagyna, parahatçylygy, halklaryň arasynda dost-doganlygy we hyzmatdaşlygy berkitmäge goşýan uly goşandy bellenildi.
Öz hoşallyk çykyşynda Magtymguly Pyragynyň esasy maksady halkara parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek we berkitmek bolan Birleşen Milletler Guramasynyň dörediljekdigini weli hökmünde görendigini bellän BMG-niň Baş sekretaryň kömekçisi, BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň Terrorçylyga garşy göreşmek boýunça komitetiniň Ýerine ýetiriji direktoratynyň Ýerine ýetiriji direktory Natalýa Germanyň sözleri aýratyn bellärliklidir.


düýn 19:38
3k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.2k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......