Raşid Meredow BMG-niň Terrorçylyga garşy göreşmek boýunça komitetiniň Ýerine ýetiriji direktory bilen duşuşdy

  • 12.12.2024 10:46
  • 2.4k+

Aşgabatda Türkmenistanyň DIM-nde daşary işler ministri Raşid Meredow bilen BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň Terrorçylyga garşy göreşmek boýunça komitetiniň Ýerine ýetiriji direktoratynyň Ýerine ýetiriji direktory Natalýa Germanyň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada türkmen daşary syýasat edarasynyň saýtynda habar berilýär.

Daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Natalýa Germanyň Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly hem-de ýadygärlik we sowgatlyk nyşanlary bilen sylaglanmagy bilen gutlady. Häzirki eýeleýän wezipesinde, şeýle hem BMG-niň Baş Sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili, Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýa boýunça BMG-niň sebitleýin merkeziniň başlygy (2017-2023 ýý.) hökmünde öňki wezipesinde Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky konstruktiw hyzmatdaşlygy ösdürmäge we berkitmäge goşýan goşandy üçin Natalýa Germana tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirildi.
N.German Türkmenistanyň sebitdäki parahatçylyga we howpsuzlyga ygrarlylygyna ýokary baha berdi we Türkmenistanyň BMG-niň terrorçylyga garşy edaralary bilen hyzmatdaşlygy güýçlendirmekdäki goşandy üçin minnetdarlyk bildirdi.
Söhbetdeşligiň dowamynda R.Meredow Türkmenistanyň terrorçylyga garşy göreşmek we sebitdäki durnuklylyga ýardam bermek ugrundaky tagallalaryna ünsi çekdi we ýurduň möhüm transmilli meseleleri çözmek üçin BMG we onuň hyzmatdaşlary bilen ýakyn hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge taýýardygyny aýtdy.


düýn 20:55
2.4k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.5k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......