Türkmenistan 2025-nji ýylda Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli iri halkara ähmiýetli resminama taýýarlar

  • 10.12.2024 07:51
  • 4.1k+

9-njy dekabrda Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Prezident Serdar Berdimuhamedow 2025-nji ýylda Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli iri halkara ähmiýetli resminamanyň taýýarlanjakdygyny aýtdy.

Döwlet Baştutany şol resminamada Bitaraplygyň kadalarynyň aýdyň beýan edilmelidigini belläp, Daşary işler ministrligine bu ugurda ýurdumyzyň ilçihanalary, halkara guramalaryň ýanyndaky wekilhanalary üçin degişli gözükdirijileri işläp taýýarlamagy tabşyrdy. Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynda döredilen parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň bähbidine Bitaraplygyň dostlary toparynyň çäklerinde hem özara hyzmatdaşlyga möhüm ähmiýet berilmelidigini aýdyp, 11-nji dekabrda Aşgabatda şol toparyň ýokary derejedäki mejlisiniň geçiriljekdigini belledi.
Biziň işimiz esasy iki ugur, ýagny ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn diplomatiýa ugry boýunça alnyp barylmalydyr diýip, döwlet Baştutany sözüni dowam etdi hem-de geljekde Türkmenistanyň Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny amala aşyrmak maksady bilen, BMG-niň parahatçylygy saklamak boýunça tagallalarynda bitarap ýurtlara bu guramanyň çäklerinde ileri tutulýan hyzmatdaş derejesini bermek başlangyjyny goldaýan döwletleriň sanyny artdyrmaga möhüm ähmiýet bermegi tabşyrdy.
Şeýle-de döwlet Baştutany Ählumumy energetika howpsuzlygy we durnukly ösüş boýunça hyzmatdaşlygyň bileleşigini döretmek baradaky başlangyjymyzy goldaýan ýurtlaryň sanyny artdyrmak maksady bilen, ikitaraplaýyn derejede alnyp barylýan işleri işjeňleşdirmegiň zerur bolup durýandygyny nygtady.


düýn 19:38
4.6k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.7k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......