Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmenistanyň Prezidentini BMG-niň täze Kararnamany kabul etmegi bilen gutlady

  • 07.12.2024 12:37
  • 9.2k+

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň dowamynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen «Merkezi Aziýada ýadro ýaragyndan azat zolak hakyndaky Şertnama» atly Kararnama biragyzdan kabul edildi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bu hoş habar bilen Türkmenistanyň Prezidentini gutlady.

"Siziň ynsanperwer daşary syýasatyňyzyň netijesinde häzirki döwürde ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy hil taýdan täze derejä çykýar. Türkmen Bitaraplygynyň sebitdäki, şeýle hem dünýä derejesindäki ähmiýeti barha artýar. Bu gün Siziň döwletleriň arasynda parahatçylyk we ynanyşmak medeniýetini berkitmäge gönükdirilen çagyryşlaryňyz gymmatly başlangyç hökmünde halkara bileleşikde giň goldawa eýe bolýar" diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri belleýär.

Gurbanguly Berdimuhamedow şeýle hem gutlag hatynda şu ýylyň oktýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen «Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilendigini belledi. 

"Milletler Bileleşigine agza ýurtlaryň köpüsiniň Bitarap Türkmenistanyň bu başlangyjyny goldamagy, sebitdäki hemme ýurtlaryň oňa awtordaş hökmünde çykyş etmegi ýurdumyz üçin uly abraýdyr, «Açyk gapylar» syýasatyny alyp barýandygymyzyň aýdyň güwäsidir. Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň alyp barýan işleri, şol sanda Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşyklarynyň, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogynyň formatynyň yzygiderli berkidilmegi, Arkadag şäherinde «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly halkara ýaşlar forumynyň geçirilip, Merkezi Aziýanyň ýaşlar forumynyň döredilmegi bäş dostlukly ýurduň arasyndaky gatnaşyklary has-da berkitdi" diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy belledi.


düýn 16:30
557

Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

12-nji iýunda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň 13-nji mejlisi geçirildi. Oňa ýurduň döwlet düzümleriniň, işewür toparlarynyň wekilleri hem-de Awstriýa......

düýn 12:20
724

Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi

11-nji iýunda Türkiýäniň Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär....

11.06.2026 22:20
6.8k+

Türkmenistan Maldiwlere özüniň ilkinji ilçisini belledi

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtyň özünde ýurduň Maldiwler Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine......

11.06.2026 13:44
3.4k+

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......