Gurbanguly Berdimuhamedow: «Suwy ulanmaga halklaryň, her bir adamyň tebigy hukugy bar»

  • 05.12.2024 11:48
  • 7.2k+

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow "Bitewi suw" sammitinde eden çykyşynda Merkezi Aziýa ýurtlarynda suwdan peýdalanmak boýunça sebit geňeşini döretmek başlangyjyna seretmegi teklip etdi.

Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki döwürde suw meselesi boýunça özara hyzmatdaşlygyň umumydünýä işleriniň möhüm bölegi bolup durýandygyny we onuň köp babatda Ýer ýüzünde durnuklylygy, ösüşi we abadançylygy üpjün etmekde mümkinçilikleri kesgitleýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, suwuň, sözüň doly manysynda, suw serişdeleriniň deň we adalatly ulanylmagy diňe bir syýasy-hukuk taýdan däl-de, eýsem, häzirki we geljek nesilleriň öňünde ahlak taýdan jogapkärçilik babatda hem aýgytly şert bolup çykyş edýär.

"Suw meselesi boýunça köptaraply dialogyň netijesi kesgitlenende oňa gatnaşyjylar iki sany esasy düzgüne, ýagny suw serişdeleriniň aýawly ulanylmagyna hem-de adalatly paýlanylmagyna gürrüňsiz eýermelidir diýip hasap edýäris. Türkmenistan suwy ulanmaga halklaryň, her bir adamyň tebigy hukugynyň bardygyny hemişe berk we üýtgewsiz beýan edýär. Bu kadany geljekde-de Merkezi Aziýa üçin ähli aýdyňlygy bilen ulanarys. Sebitde suw serişdeleri birnäçe taryhy, medeni we tebigy-geografik ýagdaýlar sebäpli, aýratyn gymmatlyga hem ähmiýete eýedir. Biziň sebitimizde suw ykdysady, durmuş abadançylygynyň, adamlaryň maddy hal-ýagdaýynyň derejesini hem-de hilini kesgitleýän aýgytly şert bolup durýar" diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Şundan ugur alyp, türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Merkezi Aziýada suw meselesiniň ähli toplumyna seredilende şu üç möhüm kadadan ugur almalydygyna ynanýandygyny belledi. Şolaryň birinjisi — halkara hukugyň berjaý edilmegi. Suw serişdeleri umumy baýlykdyr, onuň ulanylmagy umumy ykrar edilen kadalar, hususan-da, Birleşen Milletler Guramasynyň konwensiýasy esasynda düzgünleşdirilmelidir. Ikinjisi — özara bähbitleriň hasaba alynmagy. Kabul edilýän çözgütler sebitiň ähli döwletleriniň zerurlyklaryny göz öňünde tutmalydyr. Diňe şeýle çemeleşme adalatlylygy we durnuklylygy üpjün edip biler. Üçünjisi bolsa bu işe halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çekilmegidir diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri aýtdy we suw bilen bagly başlangyçlara Birleşen Milletler Guramasynyň gatnaşmagynyň olaryň kanunalaýyklygyny, netijeliligini berkitjekdigine ynam bildirdi.

"Merkezi Aziýada hoşniýetli goňşuçylygy, ösüşi, hyzmatdaşlygy gorap saklamak we pugtalandyrmak, sebitiň serhetüsti derýalarynyň suwundan peýdalanmagyň usulyny ýola goýmak zerur bolup durýar. Şu maksat bilen, Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda bu guramanyň Merkezi Aziýa ýurtlarynda suwdan peýdalanmak boýunça ştab-kwartirasy Aşgabatda bolan sebit geňeşini döretmek başlangyjyna seretmegi teklip etdi. Şeýle hem Amyderýa we Syrderýa boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň konwensiýalaryny kabul etmegi çaltlandyrmagy öňe sürdi. Bu geňeş Merkezi Aziýa döwletleriniň ählisi bilen ysnyşykly hyzmatdaşlyk edip, suw hojalygyny dolandyrmagy utgaşdyrar. Sebitiň pudaklaýyn düzümleriniň arkalaşykly işlemegini gurar, suwdan peýdalanmagyň hukuk esaslaryny işläp taýýarlar. Biz Türkmenistanyň bu başlangyjynyň öz wagtynda öňe sürlendigine ynanýarys hem-de ol amala aşyrylanda, ýakyn geljekde sebit hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmakda ösüşi üpjün etmäge ukyplydyr diýip hasap edýäris" diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy nygtady.


05.06.2026 18:04
5.3k+

Gyrgyzystan ilkinji gezek BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik däl agzalygyna saýlandy

Gyrgyzystan öz taryhynda ilkinji gezek BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň 2027–2028-nji ýyllar döwri üçin hemişelik däl agzalygyna saýlandy. Bu barada Guramanyň resmi portalynda habar berildi....

05.06.2026 17:31
1.6k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.4k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
3.3k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......