Raşid Meredow Özbegistanyň täze bellenilen ilçisi bilen duşuşdy

  • 04.12.2024 16:11
  • 2.9k+

2-nji dekabrda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Özbegistanyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Rawşanbek Alimow bilen duşuşyk geçirdi. Ilçi özüniň ynanç hatynyň nusgalaryny gowşurdy diýip, Türkmenistanyň DIM-niň saýtynda habar berilýär.

R.Meredow ilçini jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, türkmen tarapynyň onuň diplomatik işinde zerur bolan goldawy we ýardamlary bermäge taýýardygyny beýan etdi.
Söhbetdeşligiň başynda ýurtlaryň sebit we ählumumy gün tertibiniň esasy meseleleri boýunça garaýyşlarynyň ýakyndygyny görkezýändikleri, birek-biregiň BMG-niň, beýleki halkara düzümleriň çäklerinde öňe sürýän tekliplerini goldaýandyklary aýdyldy.
Bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk yzygiderli ösdürilýär. Ikitaraplaýyn işewür gatnaşyklar üçin uly mümkinçilikler bar. Şol bir wagtyň özünde diplomatlar Türkmenistanyň we Özbegistanyň sebitleriniň arasyndaky göni gatnaşyklaryň netijeli häsiýetini  bellediler.
Medeni we ruhy gymmatlyklaryň umumylygy bilen baglanyşan türkmen hem özbek halklarynyň ynsanperwer ulgamdaky özara gatnaşyklaryna ünsi çekmek bilen, söhbetdeşler bu ugruň döwletara gatnaşyklarynyň depginli ösmeginiň esasy faktorlarynyň biridigini tassykladylar.


düýn 19:38
2.8k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.1k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......