Çendu şäherinde “Merkezi Aziýa – Hytaý” formatyndaky daşary işler ministrleriniň duşuşygy geçirildi

  • 02.12.2024 10:06
  • 4.1k+

1-nji dekabrda Hytaýyň Syçuan welaýatynyň Çendu şäherinde “Merkezi Aziýa – Hytaý” formatyndaky daşary işler ministrleriniň bäşinji duşuşygy geçirildi. Oňa daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti hem gatnaşdy diýip, ýurdumyzyň DIM-nde habar berdiler.

Dar düzümde geçirilen duşuşygyň gün tertibine girizilen meseleleriň çäginde Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň we Hytaýyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň arasyndaky gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar we mundan beýläkki hyzmatdaşlygyň wajyp ugurlaryny kesgitlediler.
Sebit we ählumumy gün tertibiniň birnäçe halkara meseleleri boýunça pikir alşyldy.
Diplomatlar “Merkezi Aziýa – Hytaý” formatynyň ýakyn wagtda geçiriljek ikinji sammitine taýýarlyk, syýasy gatnaşyklary berkitmek we ösdürmek, işewür hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň esasy ugurlary, söwda gatnaşyklaryny goramak we giňeltmek, energetika we ulag arabaglanyşygyny üpjün etmek bilen baglanyșykly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Soňra “Merkezi Aziýa – Hytaý” formatynyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy giňeldilen düzümde dowam etdi.
Ara alnyp maslahatlaşylan meseleleriň hatarynda uzak möhletli parahatçylygy we durnuklylygy üpjün etmek, syýasy, söwda-ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygyny güýçlendirmek we ynsanperwer gatnaşyklary giňeltmek üçin bilelikdäki tagallalary birleşdirmegiň zerurlygyna aýratyn üns berildi.
Duşuşygyň netijeleri boýunça “Merkezi Aziýa – Hytaý” formatynyň çäginde köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlaryny kesgitleýän Jemleýji resminama gol çekildi.


düýn 20:55
2.4k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.5k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......