Türkmenistanyň we Hytaýyň daşary işler ministrleri hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnama gol çekdiler

  • 02.12.2024 09:56
  • 4.5k+

30-njy noýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Hytaýyň daşary işler ministri Wan I bilen duşuşdy. Duşuşyk Hytaýyň Syçuan welaýatynyň Çendu şäherinde “Merkezi Aziýa - Hytaý” görnüşindäki Daşary işler ministrleriniň bäşinji duşuşygynyň çäginde geçirildi diýip, türkmen daşary syýasat edarasynyň saýtynda habar berilýär.

Duşuşygyň barşynda daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary ozal gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişini ara alyp maslahatlaşdylar.
Bu duşuşygyň ählitaraplaýyn strategiki häsiýete eýe bolan türkmen-hytaý dostluk gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy barada pikir alyşmak üçin amatly mümkinçilik bolandygy bellenildi. Ministrler türkmen-hytaý hökümetara hyzmatdaşlyk toparynyň döwletara gatnaşyklaryň netijeli guralydygyny nygtadylar.
Şeýle hem diplomatlar halkara we sebitleýin düzümleriň çäginde Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky köptaraplaýyn dialogyň netijeliligini bellediler.  “Merkezi Aziýa - Hytaý” formatynyň netijeliligi nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, taraplar 2025-nji ýylda Astana şäherinde geçiriljek “Merkezi Aziýa - Hytaý” döwlet Baştutanlarynyň ikinji sammitine taýýarlyk meselesini ara alyp maslahatlaşdylar.
Daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary söwda-ykdysady ugurda netijeli hyzmatdaşlygy bellediler, energetika, ulag-aragatnaşyk özara arabaglanyşygy, medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça bilelikdäki işleriň gidişini seljerdiler.
Duşuşygyň netijeleri boýunça Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň arasynda 2025-2026-njy ýyllar üçin Hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama gol çekildi.


düýn 20:55
2.4k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.5k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......