Raşid Meredow UNDCO-nyň wekili bilen gepleşikleri geçirdi

  • 28.11.2024 17:20
  • 1.3k+

27-nji noýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow BMG-niň Ösüş ugrundaky işi utgaşdyryş müdirliginiň (UNDCO) Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin müdiri Gwi-Ýeop Son bilen duşuşyk geçirdi.

Duşuşygyň barşynda 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Gün tertibini we Türkmenistanda DÖM boýunça milli meýilnamalary we maksatnamalary durmuşa geçirmek işinde tagallalary birleşdirmegiň ähmiýetine aýratyn üns berildi. Şunuň bilen birlikde, DÖM-e ýetmek, möhüm sebit meseleleri boýunça ýurdumyz tarapyndan öňe sürülýän daşary syýasy başlangyçlaryň Birleşen Milletler Guramasy we beýleki abraýly düzümler tarapyndan yzygiderli goldanylýandygy bellenildi.
Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «2025-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi munuň aýdyň tassyknamasydyr. Şunuň bilen baglylykda, kabul edilen resminamany amaly çäreler bilen berkitmegiň we ony maksada okgunly hereketler bilen iş ýüzünde amala aşyrmagyň wajypdygy barada aýdyldy.
Şeýle-de söhbetdeşler hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryna we geljegi uly bolan taslamalara garadylar.


düýn 20:55
2.4k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.5k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......