26-njy noýabrda daşary işler ministri Raşid Meredow ýurdumyza iş sapary bilen gelen Halkara awtomobil ulaglary bileleşiginiň (IRU) baş sekretary Umberto de Pretto bilen duşuşdy.
Duşuşygyň dowamynda taraplar Bütindünýä durnukly ulag güni mynasybetli geçirilen «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2024» (ITTC-2024) atly halkara maslahatyň we serginiň ähmiýetini bellediler.
Söhbetdeşler Türkmenistan bilen Halkara awtomobil ulaglary bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň köpýyllyk oňyn tejribesine, şol sanda üstaşyr gümrük amallaryny ýönekeýleşdirmek we ýük akymlaryny çaltlaşdyrmak mehanizmlerini ornaşdyrmak boýunça toplanan tejribä ünsi çekdiler.
Türkmenistanyň durnukly ulag ulgamlaryny, logistika özara arabaglanyşygyny ösdürmäge, ählumumy ykdysady proseslerine laýyklykda ulag-aragatnaşyk infrastrukturasyny döretmäge goşýan goşandy aýratyn nygtaldy.
Mundan başga-da, söhbetdeşler BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy bilen «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýyly diýlip yglan edilen 2025-nji ýylda, hususan-da BMG-niň Merkezi Aziýanyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasynda (SPECA) Türkmenistanyň geljek ýyldaky başlyklygynyň çäklerinde hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Taraplar köptaraplaýyn formatlaryň çäklerinde hyzmatdaşlygy dowam etdirmek, şol sanda hyzmatdaşlygyň hukuk binýadyny ösdürmek barada ylalaşdylar diýip, ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynda habar berdiler.