Solar Orbiter hemrasy Günüň üstüniň örän takyk suratlaryny iberdi

  • 25.11.2024 13:40
  • 5.9k+

Ýewropanyň kosmos agentligi (ESA) Solar Orbiter hemrasynyň kömegi bilen düşürilen Günüň üstüniň täze suratlaryny çap etdi. Bular häzire çenli Älem Ýagtylgyjynyň üstüniň iň takyk we ýokary hilli suratlarydyr.

Hemra Güni, takmynan, 74 million kilometr uzaklykdan surata düşürdi, bu onuň Ýer bilen aralygyna garanda iki esse ýakyndyr.
Apparat dört sany suraty aldy: gün fotosferasynyň görünýän spektrdäki şekili, materiýanyň üstdäki hereketiniň kartasy (gök reňk - hemra tarap, gyzyl – hemradan gaýdýan), magnitogramma we ultramelewşe diapazondaky surat.
Her bir surat dört sagadyň dowamynda alnan 25 kadrdan durýan mozaikadan ybarat. Suratlarda Gün diskiniň diametri takmynan 8 müň piksel.
ESA-da Solar Orbiter-iň şeýle derejedäki suratlary ýylda iki gezek ibermäge ukyplydygyny aýtdylar. Barlaglar Günde bolýan prosesleriň dinamikasyny we olaryň tutuş Gün ulgamyna edýän täsirini öwrenmäge kömek edýär.


düýn 10:53
1.7k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.1k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.2k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....