11-nji dekabrda parahatçylyga we durnukly ösüşe bagyşlanan halkara maslahat geçiriler

  • 23.11.2024 11:13
  • 1.7k+

Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow şu ýylyň 11-nji dekabrynda halkara parahatçylygy we durnukly ösüşi berkitmekde bilelikdäki tagallalara bagyşlanyp geçiriljek maslahata görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Bu barada TDH habar berýär.

Bellenilişi ýaly, Aşgabat şäherinde halkara maslahaty, Bitaraplygyň dostlarynyň toparynyň duşuşygyny geçirmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Bitaraplygyň dostlarynyň toparynyň duşuşygynda Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjy bilen öňe sürlen Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny işläp düzmegiň mümkinçilikleri, parahatçylyk babatda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň ädimleri, durnukly ösüşe ýetmek üçin milli we halkara strategiýalara bitaraplyk ýörelgelerini ornaşdyrmak bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşylar.
Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyny berkitmek ugrunda alnyp barylýan işleri mundan beýläk-de dowam etdirmek maksady bilen, wise-premýer, daşary işler ministrine bu maslahaty ýokary derejede, guramaçylykly geçirmegi tabşyrdy.


şu gün 07:51
1.3k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

düýn 23:05
1.7k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......

düýn 16:45
989

Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna gatnaşýar

23-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilýän OPEK Gaznasynyň......

23.06.2026 22:17
2.1k+

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......