Türkmenistanyň DIM-nde Hytaýyň Owganystanyň işleri boýunça ýörite wekili bilen duşuşyk geçirildi

  • 22.11.2024 16:16
  • 3.9k+

21-nji noýabrda Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Serdar Muhammetdurdyýew bilen Hytaýyň Daşary işler ministrliginiň Owganystanyň işleri boýunça ýörite wekili Ýue Sýaoýunyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berdi.

Duşuşygyň barşynda taraplar ozal gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişi barada pikir alyşdylar.
Bellenilişi ýaly, döwletara hyzmatdaşlygynyň işjeňleşdirilmeginde iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň duşuşyklaryna möhüm orun degişli, olar türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň ösmegine hem-de giňeldilmegine kuwwatly itergi berýär.
Türkmenistanyň Owganystandaky durnuklylygy saklamak boýunça köptaraplaýyn halkara meýdançalaryna goňşy ýurduň durmuş-ykdysady ýagdaýynyň durnukly dikeldilmegini we ösmegini höweslendirmegiň möhüm faktory hökmünde garaýandygy nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, taraplar Türkmenistanda geçiriljek Owganystan bilen goňşy döwletleriň Daşary işler ministrleriniň 5-nji duşuşygyna taýýarlygyň barşy barada pikir alyşdylar.
Söhbetdeşler Türkmenistanyň we Hytaýyň dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine eýermek bilen, Owganystanyň ykdysady taýdan dikeldilmegi üçin hemmetaraplaýyn goldawy bermegi dowam etdirjekdiklerini tassykladylar.


düýn 19:38
3k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.2k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......