«Sanly çözgüt – 2024» innowasion taslamalar bäsleşiginiň ýeňijileri belli boldy

  • 18.11.2024 08:13
  • 2.6k+

16-njy noýabrda Aşgabatda «Türkmentel-2024» forumynyň çäklerinde «Sanly çözgüt – 2024» atly innowasion taslamalar bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi. Olara gymmat bahaly sowgatlar hem-de diplomlar gowşuryldy diýip, TDH habar berýär.

Hünär bäsleşigi saglygy goraýyş, ylym we bilim, elektron senagaty, ulag we logistika, oba hojalygy, hyzmatlar ulgamy, robototehnika ýaly ugurlar boýunça geçirildi. 

  • Saglygy goraýyş ulgamynda Türkmenistanyň Telekommunikasiya we Informatika Institutynyň talyby Baýnazar Muhammedow PECS cards adaty däl adamlara habarlaşmak üçin programma işi bilen birinjiligi eýeledi.
  • Emeli aň ugry boýunça Türkmenistanyn Oguz han adyndaky inžener tehnologiýalar uniwersitetiniň wekili Şatlyk Şöhradow birinji orna mynasyp boldy. Ýaş zehin ýedi sany dürli keseller boýunça Emeli aň kömegi bilen kesel anyklaýyş we saglygy dikeltmek işlerini ýerine ýetirýän programmany bäsleşige hödürledi.
  • Bäsleşigiň robototehnika we awtomatizasiýa ugrunda Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň wekili Ýazmuhammet Agamyradow keramikada we gurlyşykda ulanylýan tazeçil görnuşli 3d printer taslamasy bilen tapawutlandy.
  • Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty wekili Alýoş Amanow plastiki zyňyndylary ýygnaýan we sanly ulgam arkaly dolandyrylýan “Akylly gämi” taslamasy bilen bäsleşikde Akylly oba hojalyk tehnologiýalary ugry boýunça ýeňiji boldy.
  • Smart City ugrunda 140-njy orta mekdebiň okuwçysy Emir Şammaýew birinji orna mynasyp boldy. Ýaş zehin bäsleşige ýöranide basyşdan elektrik toguny alýan enjamy hödürledi.
  • Bäsleşigiň bilim we elektron okuw ugry boýunça Türkmenistanyň Milli Howpsuzlyk Institutynyň weikili Arslan Bäşimow tebigy taryhy medeni ýadygärlikleri fotogrometriýanyň esasynda öwrenmek taslamasy bilen ýeniji boldy.
  • Aşgabat şäheriniň 129-njy orta mekdebiniň okuwçysy Artur Bahtyýarow bäsleşigiň hyzmatlar ulgamy ugrunda «Tick» sosial ulgam we messenjer işi bilen birinjiligi eýeledi.

düýn 10:53
1.6k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.2k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....