Hytaý kompaniýasy çylşyrymly ýerüsti şertleri üçin dört aýakly robotlary görkezdi

  • 17.11.2024 17:48
  • 4.7k+

Hytaýyň DEEPRobotics kompaniýasy gysga wideo arkaly täze dört aýakly Lynx robotynyň mümkinçiliklerini görkezdi. Terjime edilende, onuň ady “garagulak” diýmekdir. Ol tigirler bilen enjamlaşdyrylan hem-de pyýada ýöremek we sürülmek režimlerine geçip bilýär diýip, “Wokrug sweta” neşiri habar berýär.

Robot it beýikli-pesli ýerlerde we ýabany tebigat şertlerde işlemek üçin niýetlenendir. Çylşyrymly landşaftlar aglaba robot öndürijileriň iki aýakly we dört aýakly modelleri üçin esasy kynçylyk bolmagynda galýar. Şeýle-de bolsa, DEEPRobotics -iň işläp taýýarlaýjylary Lynx-y kyn ýerlere uýgunlaşdyryp, tigirleriň kömegi bilen bu meseläni çözdüler.

“DEEPRobotics müşderilerimiz üçin çeýeligiň, öndürijiligiň täze derejesini açýan, ulanylyşda aňsat orta ölçegdäki dört tigirli çözgüdi tiz wagtda hödürlemekçi bolýar. Geliň, robotlaryň gazanyp biljek zatlarynyň çäklerini kesgitläliň" - diýip, kompaniýanyň wekili  Maks Wu belledi.

Wideoýazgylarda Lynx-yň ýapgytlara çykmaga, dik depelerden aşak inmäge we metrläp uzynlykdaky harsaňlary we beýikligi 80 santimetre ýetýän päsgelçilikleri ýeňip geçmäge ukyplydygy görkezilýär. Robot öň  ýa-da art aýaklarynda durup bilýär, bu bolsa oňa dar ýerlerde hereket etmäge we salto ýaly, çylşyrymly hokgalary  ýerine ýetirmäge mümkinçilik berýär.
Kompaniýa resmi tanyşdyryş dabarasynda modeliň goşmaça aýratynlyklaryny açmagy wada berýär. Lynx gözleg we halas ediş işlerinde, kartalaşdyrmak we enjamlary daşamakda, şeýle hem beýleki DEEPRobotics modelleriniň eýýäm ulanylýan senagat desgalarynda ulanylyp bilner diýlip garaşylýar.


düýn 10:53
1.7k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.1k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.2k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....