Alymlar gepleşik ukyplaryny özleşdirmekde emeli aňyň esasy meselesini kesgitlediler

  • 15.11.2024 20:15
  • 2k+

Tafts uniwersitetiniň alymlary emeli aňyň (AI) adamlar üçin tebigy bolan sözleýiş dilinde kynçylyk çekmeginiň sebäbini aýtdylar. Barlagyň netijesi esasy meseläniň AI ulgamlaryna tälim berlen maglumatlaryň görnüşi bilen baglanyşyklydygyny görkezýär diýip, TechXplore ýazýar.

Göni aragatnaşykda adamlar aýdylan sözleriň manysyna esaslanyp, sözleýşini üýtgetmek üçin degişli pursatlary içgin bilýärler. Psihologiýa we informatika ylymlarynyň professory Žan P. de Rýuiteriň belleýşi ýaly, öň şeýle “geçiş nokatlary” intonasiýa we wizual görkezijiler bilen kesgitlenýärdi. Şeýle-de bolsa, synaglar, monoton söz bilen hem adamlar manysyna bil baglap, dogry pursatlary emeli aňdan has gowy hasaplaýandyklaryny görkezdi.
Emeli aň ulgamlary, esasan, tebigy söz akymyny seljermek ukybyny çäklendirýän makalalar we salgylanma maglumatlary ýaly ýazmaça tekstlerde tälim aldylar. Göni gepleşiklere emeli aň entek ýeterlik derejede taýýar däl, ol gysga we resmi däl sözlemler bilen beýan edýär diýip, rambler.ru ýazýar.


düýn 12:00
3.5k+

Aldawçylygyň aýlawly netijesi: alymlar zabun terbiýäniň çagalara ökdelik bilen aldamagy öwredýändigini subut etdiler

Çagalary terbiýelemekde aşa berk çemeleşme we fiziki temmi bermek tersine netijäni berýär. Garaşylýan tertip-terbiýäniň ýerine çagalarda ýalan sözlemek we aldamak meýilleri döreýär....

25.06.2026 10:21
4.5k+

Özbegistanda emeli aň tutuş mähelläniň meselelerini çözmäge kömek eder

Özbegistanda mähellelerdäki iň derwaýys meseleleri ýüze çykarmak we olary çözmek boýunça çalt çäreleri görmek üçin emeli aň esasly ulgam ornaşdyrylar. Degişli teklipler ýurduň prezidenti Şawkat Mirziýoýewe......

22.06.2026 23:12
4.8k+

Ýapon hünärmenleri bäbekleri uklatmak üçin ýörite saz döretdi

Kazyýet subutnamalary üçin sesleri seljermäge ýöriteleşen Ýaponiýanyň «Tiba audiokommunikasiýalar barlaghanasy» täjirçilik däl guramasy bäbekleri uklatmak üçin niýetlenen sazy döretdi. Bu saz ýazgysy X sosial......

17.06.2026 11:37
5.1k+

Alymlar el degirmän, galp suratlary tanamagy öwrendiler

O-de-Frans Politehniki uniwersitetiniň alymlary suratlaryň hakykylygyny anyklamagyň täzeçil usulyny işläp düzdüler. Bu oýlap tapyş kendiriň ýüzüne fiziki täsir etmegi talap etmeýär. Tehnologiýanyň anyk beýany......