Goşmaça 46 minut ukynyň adamyň özüni alyp barşyna we duýşuna nähili täsiri bar?

  • 11.11.2024 15:10
  • 10k+

Goşmaça 46 minut uky umumy özüňi duýşuňy has gowulaşdyryp, jemgyýete peýda getirýän hereketleri alyp barmaga ýardam edýär. Tehasyň Beýlor uniwersitetiniň ylmy gözlegçileri muny 90 sany ýaş adamyň gatnaşmagynda geçirilen tejribede subut etdiler.

Gatnaşyjylara tötänleýin ýagdaýda uky üçin dürli wagt bellenildi – gijräk, irräk ýa-da adaty. Bir hepdäniň dowamynda ylmy gözlegçiler ukynyň dowamlylygyndaky üýtgeşmeleriň gatnaşyjylaryň psihiki saglygyna nähili täsir edýändigine gözegçilik etdiler.

“Adatdakysyndan 46 minut köp ýatan adamlar ahyrynda ýokary psihiki durnuklylygy, minnetdarlyk, durmuşdan kanagatlanma we düşünjelilik duýgusyny görkezdiler” – diýip, ylmy gözlegiň awtorlarynyň biri belledi.

Goşmaça uky adamlara özüni diňe bir fiziki taýdan däl, eýsem emosional taýdan has gowy duýmaga kömek etdi. “Dowamly uky günüň dowamynda ýönekeý bir gujurlylyk duýgusyndan has uly täsire eýedir. Ol size öz durmuşyňyza has gowy düşünmäge we geljekki synaglara has çydamly bolmaga kömek edýär” – diýip, alym belledi.
Munuň tersine, ukusy günde 37 minut azaldylan gatnaşyjylar şähdiň bozulmagyny we dartgynlylyga durnuklylygyň peselmegini başdan geçirdiler. Bu uky ýetmezçiliginiň adamyň durmuşy kabul edişine we gündelik kynçylyklardan baş çykaryp bilmek ukybyna ýaramaz täsir edip bilýändigini delillendirýär.
Mundan başga-da, alymlar ukusy ýeterlik derejede bolan adamlaryň jemgyýete peýda getirýän hereketleri ýerine ýetirmäge ymtylýandygyny anykladylar: olar haýyr-sahawat işlerine we raýat başlangyçlaryna gatnaşmaga uly isleg bildirýärler.


05.06.2026 17:46
2.5k+

Beýik Britaniýada düwnük çişlerini ýok edýän sanjym synagdan geçirildi

Beýik Britaniýada «Amiwantamab» derman serişdesiniň kliniki barlaglary tamamlandy. Synaglaryň dowamynda kelläniň we boýnuň düwnük keseliniň agyr görnüşlerinden ejir çekýän hassalaryň käbirinde çişleriň ep-esli......

05.06.2026 15:54
3.8k+

Hytaý dünýäde ilkinji bolup beýni implantynyň täjirçilik maksatly ulanylmagyna rugsat berdi

Hytaý dünýäde inwaziw «beýni–kompýuter» interfeýsiniň (Brain-Computer Interface, BCI) täjirçilik maksatly ulanylmagyny resmi taýdan tassyklan ilkinji ýurt boldy....

04.06.2026 07:25
5.1k+

Ýewropanyň saglygy goraýyş işgärleriniň tas üçden birinde düwnüge uçramak töwekgelçiligi bar

Ýewropanyň zähmet wezipelerinde howpsuzlyk we saglygy goramak baradaky agentliginiň (EU-OSHA) geçiren barlagy, Ýewropadaky lukmançylyk we durmuş üpjünçiligi pudagynyň işgärleriniň 29,5 göteriminiň iş......

03.06.2026 23:34
5.4k+

Parižiň golaýyndaky psihiatriýa hassahanasy näsaglary eşek terapiýasy arkaly bejerýär

Parižiň gündogaryndaky Wil-Ewrar hassahana toplumynda Fransiýada ýeke-täk eşek terapiýasy bölümi hereket edýär. Depressiýa, howsala, autizm, şizofreniýa we başga-da dürli keselli näsaglar bilen işleýän bu......