Türkmenistan we Ýaponiýa ilkinji «Merkezi Aziýa + Ýaponiýa» Sammitine taýýarlygy maslahatlaşýar

  • 09.11.2024 17:54
  • 5.2k+

Türkmenistan we Ýaponiýa geçirilmegi meýilleşdirilýän döwlet Baştutanlarynyň derejesindäki ilkinji «Merkezi Aziýa + Ýaponiýa» Sammitine bilelikdäki taýýarlygyň möhümdigini bellediler. Bu barada 8-nji noýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Ýaponiýanyň daşary işler ministri Takesi Iwaýanyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlikde aýdyldy diýip, ýurdumyzyň DIM-niň saýtynda habar berilýär.

Taraplar iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy dowam etdirmegiň wajypdygyny aýtdylar. Ýakyn geljekde geçirilmegi meýilleşdirilýän Daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky nobatdaky syýasy geňeşmeleriň gün tertibi boýunça hem pikir alyşmalar boldy.
Şeýle-de ministrler iki ýurduň söwda-ykdysady ugurdaky hyzmatdaşlygynyň möhümdigini bellediler. Ýapon kompaniýalarynyň türkmen tarapy bilen gatnaşyklary, hususan-da «ýaşyl» energetika, kömürturşy gazy zyňyndylaryny azaltmak, gazhimiýa we ş.m. ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmäge bolan gyzyklanmasy beýan edildi. Şunuň bilen baglylykda, ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki toparlaryň alyp barýan işleriniň ähmiýeti nygtaldy.
Mundan başga-da, taraplar iki ýurduň gatnaşmagynda geçiriljek çäreler barada pikir alyşdylar. Şeýle-de 2025-nji ýylda Osaka şäherinde geçiriljek Expo-2025 Bütindünýä sergisine türkmen wekiliýetiniň gatnaşmagynyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.


düýn 20:55
2.4k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.5k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......