Raşid Meredow BMG-niň Bosgunlaryň işi boýunça Ýokary komissarynyň kömekçisi bilen duşuşdy

  • 09.11.2024 08:51
  • 2.2k+

7-nji noýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabat şäherine gelen BMG-niň Bosgunlaryň işi boýunça Ýokary komissarynyň kömekçisi Ruwendrini Menikdiwela bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berdi.

Duşuşykda bosgunlar we raýatlygy bolmadyk adamlar baradaky BMG-niň esasy hukuk resminamalarynyň gatnaşyjysy bolmak bilen Türkmenistanyň raýatsyzlygy ýok etmekde nusga alarlyk netijelere ýetendigi bellenildi.
Taraplar Türkmenistanyň Hökümeti bilen UNHCR-iň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin edarasynyň ýyllyk iş meýilnamalarynyň çäginde bilelikdäki işleriň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.
Şeýle hem 2024-nji ýylyň 14-nji oktýabrynda Ženewada geçirilen BMG-niň Bosgunlaryň işi boýunça Ýokary komissarynyň Maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň 75-nji sessiýasynyň umumy mejlisinde Türkmenistanyň raýatsyzlygy ýok etmek boýunça Ählumumy bileleşige goşuljakdygynyň mälim edilendigi bellenildi.
Taraplar hyzmatdaşlygyň netijeliligini kanagatlanma bilen belläp, soňky ýyllarda Türkmenistanyň 32 müňden gowrak bosgun we raýatlygy bolmadyk adamlaryň raýatlyga kabul edilendigini nygtadylar.
Şeýle hem söhbetdeşler bosgun sport toparlarynyň dürli halkara ýaryşlaryna gatnaşmagyny höweslendirmegiň üsti bilen bosgunlaryň adam mümkinçiliklerini açmak prosesini bilelikde ösdürmegiň şertlerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Şunuň bilen baglylykda, bosgunlaryň toparynyň Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna ilkinji gezek gatnaşmaga çagyrmak babatyndaky Türkmenistanyň başlangyjy nygtaldy. Bosgun toparlarynyň türgenleşik we sport lagerleri üçin zerur şertleri döretmäge Türkmenistanyň taýýarlygy beýan edildi. Agzalanlar Türkmenistanyň başlangyjy bilen kabul edilen «BMG-niň oýunlary» atly Kararnamanyň düzgünleriniň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi bilen utgaşýar.


düýn 18:04
3k+

Gyrgyzystan ilkinji gezek BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik däl agzalygyna saýlandy

Gyrgyzystan öz taryhynda ilkinji gezek BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň 2027–2028-nji ýyllar döwri üçin hemişelik däl agzalygyna saýlandy. Bu barada Guramanyň resmi portalynda habar berildi....

düýn 17:31
929

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

düýn 15:39
1.5k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
2.7k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......