Türkmenbaşy şäherinde “Türkmennebit” DK-nyň işgärleri üçin ýaşaýyş jaýlary gurlar

  • 02.11.2024 07:54
  • 6.7k+

Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde “Türkmennebit” döwlet konserniniň işgärleri üçin 4 sany 4 gatly, 40 öýli ýaşaýyş jaýyny gurmak göz öňünde tutulýar. Bu barada wise-premýer B.Amanow Hökümet mejlisiniň barşynda aýtdy diýip, TDH habar berýär.

Wise-premýer döwlet Baştutanyna «Türkmennebit» döwlet konserniniň işgärleriniň ýaşaýyş-durmuş şertlerini mundan beýläk-de gowulandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzda raýatlaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak maksady bilen, döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň yzygiderli gurulýandygyny belledi. Serdar Berdimuhamedow Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde «Türkmennebit» döwlet konserniniň işgärleri üçin ýaşaýyş jaýlaryny gurmak boýunça taýýarlanan teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.


şu gün 16:45
333

Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna gatnaşýar

23-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilýän OPEK Gaznasynyň......

düýn 22:17
1.8k+

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......

düýn 19:20
5.2k+

Türkmenistan we Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi

22-nji iýunda Warşawa şäherinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň we Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Robert Baganyň arasynda......

22.06.2026 16:02
1.3k+

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....