Halkara gatnaşyklary institutynda «BMG-niň oýunlary» atly Kararnama bagyşlanan halkara maslahat geçirildi

  • 01.11.2024 10:47
  • 1.8k+

31-nji oktýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda ýurdumyzyň başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary» atly Kararnamanyň kabul edilmegine bagyşlanan halkara maslahat geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berýär.

Maslahata Daşary işler ministrliginiň, ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, habar beriş serişdeleriniň wekilleri, professor-mugallymlar, talyplar we türgenler gatnaşdylar.
Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň köpçülikleýin bedenterbiýe hereketini ösdürmäge, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmaga, sport diplomatiýasyny işjeňleşdirmäge gönükdirilen başlangyçlary dünýä jemgyýetçiliginiň giň goldawyna eýe bolýar. Türkmenistanyň başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 76-njy sessiýasynda “Durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi, GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde Aşgabadyň “Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri” diýlip yglan edilmegi munuň aýdyň mysalydyr. Şonuň bilen bir hatarda, Türkmenistanyň 2023 — 2027-nji ýyllar üçin ÝUNESKO-nyň Bedenterbiýe we sport boýunça hökümetara komitetiniň agzalygyna saýlanandygyny nygtamak gerek.
Maslahatyň öňüsyrasynda bu ýerde Diýarymyzyň sport üstünliklerine, köpçülikleýin bedenterbiýäni ösdürmekde ýetilen sepgitlere bagyşlanan sergi guraldy.
Belläp geçsek, şu ýylyň 6-njy sentýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen hem-de Milletler Bileleşigine agza döwletleriň biragyzdan goldamagynda “Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary” atly Kararnama kabul edildi. Bu resminama dünýäniň 87 döwleti awtordaş bolup çykyş etdi.


düýn 19:38
3k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.2k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......