Hytaý Arktikanyň düýbüne dolandyrylýan apparatyny ibermegi meýilleşdirýär

  • 26.10.2024 07:41
  • 6.6k+

Hytaýly hünärmenler Arktikada deňiz düýbüni öwrenmek üçin dolandyrylýan suwasty enjamyny ibermäge taýýarlyk işlerini tamamlaýarlar.

Hytaý döwlet gämi gurluşyk korporasiýasynyň 704-nji gözleg instituty tarapyndan döredilen bu enjam Tan Suo San Hao (Explorer Three) gözleg gämisiniň bortunyň ýörite enjamlaşdyrylan geçelgesinden suwa çykarylar.
2024-nji ýylyň aprelinde suwa goýberilen enjamy indiki ýyldan başlap ylmy işlerde ulanmak meýilleşdirilýär. South China Morning Post neşiriniň habaryna görä, apparat eýýäm pes temperaturada işlemek ýaly birnäçe synaglardan üstünlikli geçdi. Esasanam, ähli ulgamlaryň daşary ýurtly hünärmenleri gatnaşmazdan diňe hytaý inženerleri tarapyndan işlenip düzülendigi aýratyn nygtalýar.
Hytaý özüni “Arktika ýakyn” döwlet hökmünde görkezip, Arktika maksatnamalaryny işjeň ösdürýär we sebitdäki ylmy we ykdysady bähbitlerini ýokarlandyrmak üçin buz döwüjileri gurýar. Şu wagta çenli Arktikanyň düýbüne pilotirlenýän apparat iberen ýeke-täk ýurt Russiýa boldy. Degişli ekspedisiýa 2007-nji ýylda geçirildi.


şu gün 10:51
724

Prada we Axiom Space Aýda geýiljek skafandryň içki gatlagyny görkezdi

"Prada" we "Axiom Space" kompaniýalary LCVG (suwuklyk bilen sowadýan we wentilýasiýa edýän eşik) atly içki sowadyjy we wentilýasiýa eşigini tanyşdyrdylar. Ol astronomlaryň Aýyň üstünde işleýän wagty beden......

08.06.2026 16:45
3.9k+

Ýantar daşynda 40 million ýyl mundan ozal ýaşan guşuň ýelegi tapyldy

40 million ýyllyk taryhy bolan baltika ýantarynyň nusgasyndan guş ýelegi ýüze çykaryldy. Bu tapyndy dünýä ýantarynyň köp böleginiň çykarylýan ýeri bolan Palmniken ýatagynda (Ýantarnyý kärhanasy) edildi.......

08.06.2026 16:26
4.6k+

Kepjebaş ösümligi täze pidalary özüne çekmek üçin ähli awyny diýen ýaly goýberýär

Ýaponiýadaky Okinawa ylym we tehnologiýalar institutynyň (OIST) alymlary "kepjebaş ösümligi" diýlip atlandyrylýan ýyrtyjy ösümlik kaliforniýa darlingtoniýasynyň (Darlingtonia californica) aýratynlyklarynyň......

07.06.2026 20:08
4.6k+

Hytaý her bir adampisint roboty hasaba goýýar

Hytaýyň häkimiýetleri ähli adampisint robotlary hökmany suratda hasaba almagy we olaryň hersine üýtgeşik şahsy hasap belgisini bermegi göz öňünde tutýar....