Türkmenistan Ýewropa ykdysady komissiýasy bilen ýaşyl we durnukly energetika ulgamynda hyzmatdaşlygy maslahatlaşýar

  • 24.10.2024 00:40
  • 2.1k+

Türkmenistan BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasy bilen ýaşyl we durnukly energetika, metanyň zyňyndylaryny azaltmak ugurlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerini maslahatlaşýar. Bu barada 22-nji oktýabrda Türkmenistanyň DIM-nde BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň Durnukly energetika bölüminiň direktory Dario Liguti bilen geçirilen duşuşykda bellenilip geçildi.

Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistanyň BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasy bilen özara gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyny hem-de hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.
Ählumumy energetika howpsuzlygy we durnukly ösüş boýunça hyzmatdaşlygyň bileleşigini döretmek barada Türkmenistanyň başlangyjynyň ähmiýeti nygtaldy. Bu başlangyç Bütindünýä hökümet sammitinde öňe sürüldi we Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň çäginde ileri tutulýan garaýyşlarynyň hatarynda görkezildi.
Gepleşigiň çäginde BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň gün we ýel energiýasy babatda bilermenlik goldawy, şeýle hem energiýany saklamak we geçirmek üçin öňdebaryjy tehnologiýalary işläp taýýarlamak we ornaşdyrmak babatda özara hyzmatdaşlyk meselelerine garaldy.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar bu ugurdaky meseleleri çözmek üçin hyzmatdaşlyga taýýardyklaryny tassykladylar.


düýn 19:38
2.3k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.1k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......