Türkmenistan boýunça keşdeçileriň bäsleşiginiň ýeňijileri kesgitlendi

  • 23.10.2024 06:46
  • 4.3k+

Aşgabadyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde «Türkmen keşdesi – milli baýlygymyz» bäsleşiginiň jemi jemlendi diýip, "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron neşiri habar berýär.

Bäsleşik Türkmenistanyň Zenanlar bileleşiginiň Merkezi geňeşi, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi, Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň işleri baradaky Milli toparynyň sekretariaty we Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti tarapyndan guraldy.
Bäsleşik üç esasy tapgyrdan ybarat bolup, birinji tapgyrda oňa gatnaşyjylar milli keşdeçilik sungatynyň ösmegine goşantlaryny paýlaşdylar. Soňra keşde gaýamak ussatlygyny görkezdiler. Jemleýji tapgyrda gadymy sungaty şygyrlarda we gyzykly rowaýatlarda wasp edip, taýýar işleri bilen çeper döredijilikli tanyşdyrdylar.

Diňe çeper elli zenanlarynyň bäsleşigine tomaşa etmek bilen çäklenmän, eýsem, göwne ýaran keşdeçini saýlamaga işjeň gatnaşyp bolýardy, çünki bäsleşigiň ýeňijileri SMS bilen ses bermek arkaly kesgitlenildi.
Bäsleşikde SMS sesleriniň aglabasyny alan Mary welaýatynyň keşdeçileri ýeňiş gazandylar. Daşoguz welaýatynyň wekilleri ikinji orny eýelediler, Lebap welaýatynyň çeper elli zenanlary üçünji orny eýelediler.
Ýeňijilere gymmatly sowgatlar we Hormat hatlary gowşuryldy.


19.06.2026 10:10
3.5k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.4k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

17.06.2026 11:24
7.2k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......

15.06.2026 22:10
4k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......