Türkmenistanda köpugurly Gün we ýel elektrik stansiýasy hem-de “Bäherden” keramiki önümler kärhanasy açylar

  • 19.10.2024 12:30
  • 12k+

Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabynda kuwwaty 10 megawat bolan köpugurly Gün we ýel elektrik stansiýasy, Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda “Bäherden” keramiki önümler kärhanasy açylar. Bu barada 18-nji oktýabrda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Annamämmedow habar berdi.

Wise-premýer täze desgalaryň açylyş dabaralaryna taýýarlyk görülýändigi barada hasabat berdi.
Wise-premýer şeýle hem 
Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň güni mynasybetli geçiriljek möhüm çäreler, hususan-da, “Türkmenistanyň gurluşygy, senagaty, energetikasy — 2024” atly halkara sergä hem-de “Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, energetika pudaklarynyň ösüşi” atly maslahata görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, geçiriljek halkara sergi we maslahat ýurdumyzyň gurluşyk ulgamynda, senagat önümçiliginde, energetika, himiýa pudagynda, ýol gurluşygynda gazananlary bilen tanyşmaga ýardam berer. Bu möhüm çäreleriň çäklerinde gurluşyk-senagat toplumynyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary bilen daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleriniň duşuşyklary meýilleşdirilýär. Munuň özi täze işewürlik gatnaşyklaryny ýola goýmaga, özara tejribe alyşmaga ýardam berer.
Türkmenistanyň Prezidenti bu möhüm çärelere gowy taýýarlyk görmegi we olary ýokary derejede geçirmegi wise-premýere tabşyrdy.


düýn 18:57
1k+

TDHÇMB-niň söwdalarynda geleşikleriň bahasy $19 milliondan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 54-üsi hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

13.06.2026 16:30
969

Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

12-nji iýunda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň 13-nji mejlisi geçirildi. Oňa ýurduň döwlet düzümleriniň, işewür toparlarynyň wekilleri hem-de Awstriýa......

13.06.2026 12:20
993

Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi

11-nji iýunda Türkiýäniň Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär....

11.06.2026 22:20
7.2k+

Türkmenistan Maldiwlere özüniň ilkinji ilçisini belledi

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtyň özünde ýurduň Maldiwler Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine......