Raşid Meredow Pakistanyň Prezidenti we energetika ministri bilen duşuşyklary geçirdi

  • 17.10.2024 13:06
  • 5k+

16-njy oktýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Pakistana amala aşyran saparynyň çäginde Pakistanyň Prezidenti Asif Ali Zardari we Federal energetika ministri Musadik Masud Mälik bilen duşuşyklary geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berýär. 

Asif Ali Zardari bilen duşuşygyň dowamynda türkmen-pakistan hyzmatdaşlygynyň köp sanly meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Haryt dolanyşygyny artdyrmak we özara bähbitli gatnaşyklary diwersifikasiýalaşdyrmak babatda durlup geçildi.
Energetika we ulag ýaly ugurlarda netijeli hyzmatdaşlygy güýçlendirmeklige uly ähmiýet berilýändigi beýan edildi.
Şu nukdaýnazardan Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň we Türkmenistan – Owganystan – Pakistan (TOP) elektrik geçiriji liniýasynyň taslamalaryny durmuşa geçirmekde bilelikdäki işleri güýçlendirmegiň möhümligi bellenildi.
Energetika we ulag pudagynda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge gönükdirilen ikitaraplaýyn resminamalary taýýarlamak boýunça işleriň tamamlanmagyna aýratyn üns berildi.
Pakistan Yslam Respublikasynyň Federal energetika ministri Musadik Masud Mälik bilen geçirilen duşuşygyň dowamynda taraplar energetika pudagyndaky hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
TOP elektrik geçiriji ulgamynyň we TOPH gaz geçirijisiniň Pakistanyň senagat elektrik zerurlyklaryny kanagatlandyrmakda möhüm orun eýelejekdigi bellenildi.
Şeýle hem türkmen we pakistan taraplarynyň energiýa pudagynda bilelikdäki hereketleri üçin Ýol kartasyny düzmek teklip edildi.
Taraplar bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek maksady bilen yzygiderli gatnaşyklary alyp barmak babatynda ylalaşdylar.


düýn 19:38
2.7k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.1k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......