Gurbanguly Berdimuhamedow Şawkat Mirziýoýew bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

  • 15.10.2024 11:16
  • 4.7k+

14-nji oktýabrda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen telefon arkaly söhbetdeşligi boldy diýip, TDH habar berýär.

Gurbanguly Berdimuhamedow özbek Liderine Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli geçirilen halkara foruma gatnaşandygy üçin minnetdarlyk bildirip, ony Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglanmagy mynasybetli ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlady.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanda wagtyň synagyndan geçen hoşniýetli goňşuçylyk däpleri esasynda ösdürilýän ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň berkidilmegine möhüm ähmiýet berilýändigini aýtdy. Şunda döwletara dialoga mahsus özara ynanyşmagyň we açyklygyň ýokary derejesi netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň esasy guraly bolup durýar.
Telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda söwda-ykdysady, ýangyç-energetika, ulag-kommunikasiýa, oba hojalyk ugurlaryndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ony ösdürmegiň mümkinçilikleri, ozal gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişi, geljekde amala aşyryljak bilelikdäki taslamalar ara alnyp maslahatlaşyldy.


düýn 20:55
2.4k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.5k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......