Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Eýranyň Prezidenti bilen duşuşdy

  • 12.10.2024 12:42
  • 11k+

11-nji oktýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyza iş sapary bilen gelen Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkian bilen duşuşdy.

Duşuşygyň dowamynda häzirki döwürde işjeň ösdürilýän döwletara gatnaşyklaryň ýokary derejesi kanagatlanma bilen bellenildi. Şol gatnaşyklar dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk, birek-birege hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýar. Uzak möhletli geljege niýetlenen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk esasy ulgamlary öz içine alýar hem-de iki ýurduň milli bähbitlerine doly laýyk gelýär.
Energetika, ulag-kommunikasiýa ulgamlarynda gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin bar bolan ägirt uly mümkinçilikler Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň hyzmatdaşlygynyň tutuş sebitde netijeli söwda-ykdysady gatnaşyklary çuňlaşdyrmak üçin strategik ähmiýete eýedigini görkezýär. Şunuň bilen birlikde, medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň hem üstünlikli ösdürilýändigini bellemek gerek. Soňky ýyllarda işjeň medeni we ylmy alyşmalaryň ýola goýulmagy, türkmen hem eýran wekiliýetleriniň gatnaşmagynda halkara maslahatlaryň, forumlaryň geçirilmegi, özara Medeniýet günleriniň, amaly-haşam sungatynyň sergileriniň, beýleki bilelikdäki çäreleriň guralmagy munuň aýdyň mysalydyr.

Sebit we ählumumy gün tertibiniň ençeme meseleleri boýunça iki ýurduň garaýyşlarynyň ýakyndygy Türkmenistan bilen Eýranyň abraýly halkara guramalaryň çäklerinde-de netijeli hyzmatdaşlyk etmegini şertlendirýär. Şeýle hem söhbetdeşler özara gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy, ony mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň geljekki mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar diýip, TDH habar berýär.


düýn 19:38
3k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.2k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......