Wladimir Putin Aşgabatdaky foruma gatnaşyjylary Kazanda BRIKS sammitine çagyrdy

  • 12.10.2024 12:18
  • 16k+

Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin Aşgabatda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forumda eden çykyşynda oňa gatnaşyjylary ýakynda Kazan şäherinde geçiriljek BRIKS sammitine gatnaşmaga çagyrdy. Bu barada ORIENT Kremliň metbugat gullugyna salgylanyp habar berýär.

"Kazanda geçiriljek çärelerde bu günki duşuşygyň başlygy Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedowy we şu forumdaky beýleki köp sanly liderleri görmäge şatdyrys" - diýip, Putin aýtdy.

BRIKS sammiti Tatarystanyň paýtagtynda 22-24-nji oktýabrda geçiriler. 24 döwletiň Baştutanlary bu sammite gatnaşjakdygyny tassykladylar. Kazanda şeýle hem BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň hem gelmegine garaşylýar.


düýn 19:38
3.4k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.3k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.9k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......