Waagn Haçaturýan Türkmenistanyň Prezidentine Magtymgulynyň goşgularynyň ermeni diline terjime edilen neşirini sowgat berdi

  • 12.10.2024 08:45
  • 8.7k+

11-nji oktýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza iş sapary bilen gelen Ermenistanyň Prezidenti Waagn Haçaturýan bilen duşuşdy.

Duşuşykda Prezident Waagn Haçaturýan Prezident Serdar Berdimuhamedowa Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň ermeni diline terjime edilen neşirini sowgat berdi diýip, Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.
Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň çäklerinde medeni-ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berilýär. Bu babatda ylym, bilim, bedenterbiýe, sport ulgamlaryndaky hyzmatdaşlyga uly orun degişlidir. Söwda-ykdysady, ulag-kommunikasiýa, oba hojalygy, syýahatçylyk ulgamlary hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Bilelikdäki hökümetara toparyň işi döwletara gatnaşyklary işjeňleşdirmekde ähmiýetli orun eýeleýär. Onuň işi gazanylan ylalaşyklaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegine, netijeli hyzmatdaşlygyň diwersifikasiýalaşdyrylmagyna we ösdürilmegine gönükdirilendir.
Söhbetdeşlikde yzygiderli ösdürilýän türkmen-ermeni gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlary boýunça gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy. Bellenilişi ýaly, ýurtlarymyz ikitaraplaýyn, şeýle-de köptaraplaýyn görnüşde üstünlikli hyzmatdaşlyk edýärler, abraýly halkara guramalaryň çäklerinde birek-biregi goldaýarlar.


27.06.2026 19:38
5.2k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
1.9k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3.1k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.4k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......