Şawkat Mirziýoýew Gurbanguly Berdimuhamedowa özbek diline terjime edilen «Magtymguly» atly kitaby sowgat berdi

  • 12.10.2024 08:34
  • 7.9k+

11-nji oktýabrda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyza iş sapary bilen gelen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşdy.

Söhbetdeşligiň dowamynda döwletara hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary, sebit we ählumumy gün tertibiniň özara gyzyklanma bildirilýän esasy meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Özbegistanyň Prezidentiniň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, duşuşygyň barşynda
 Prezident Şawkat Mirziýoýew dostlugyň we aýratyn hormatyň nyşany hökmünde türkmen halkynyň Milli Liderine özbek diline terjime edilen «Magtymguly» atly kitaby sowgat berdi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy sowgady üçin özbek Liderine minnetdarlyk bildirip, bu goşgular ýygyndysynyň ýakyn günlerde tanyşdyryljakdygyny habar berdi hem-de Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky däp bolan doganlyk gatnaşyklaryň geljekde-de depginli ösdüriljekdigine we özara hormat goýmak, raýdaşlyk, hyzmatdaşlyk ruhunda çuňlaşdyryljakdygyna ynam bildirdi.


27.06.2026 19:38
5.2k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
1.9k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3.1k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.4k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......