Oktýabryň ahyrynda Aşgabatda hökümetara türkmen-rus toparynyň başlyklary duşuşar

  • 12.10.2024 08:28
  • 10k+

11-nji oktýabrda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin bilen duşuşdy.

Öň habar berşimiz ýaly, W.Putin “Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady” atly halkara foruma gatnaşmak üçin Aşgabat şäherine geldi.
Duşuşykda Türkmenistan bilen Russiýanyň arasyndaky syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we beýleki ulgamlarda gatnaşyklaryň ösüşiniň okgunly häsiýete eýedigi kanagatlanma bilen nygtaldy. Iň ýokary derejedäki we iki döwletiň daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky yzygiderli hyzmatdaşlyk, parlamentara gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegi bu ösüşlere uly itergi berýär.
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň belleýşi ýaly, Prezident Wladimir Putiniň bu foruma gatnaşmagy Russiýa Federasiýasynda Magtymgulynyň döredijiligine uly hormat goýulýandygyny subut edýär. Mälim bolşy ýaly, Moskwada, Astrahan oblastynda, Stawropol ülkesinde görnükli şahyryň ýadygärlikleri oturdyldy. Şeýle-de Astrahan oblastynda Magtymguly adyndaky orta mekdep guruldy.
Nygtalyşy ýaly, Türkmenistan diňe bir Russiýanyň medeniýetine däl, eýsem, rus dilini we edebiýatyny öwrenmäge-de uly üns berýär. Aşgabatda A.S.Puşkin adyndaky umumybilim berýän bilelikdäki türkmen-rus orta mekdebiniň açylmagy bilim ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýokary derejesiniň aýdyň mysalydyr. Häzirki wagtda Türkmenistanyň ähli bilim edaralarynda rus dili öwredilýär. Türkmen talyplarynyň on müňlerçesi Russiýanyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýarlar.
Umumy pikire görä, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus topary tarapyndan utgaşdyrylýan söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek köpugurly türkmen-rus dialogynyň gün tertibinde möhüm orny eýeleýär. Şu aýyň ahyrynda Aşgabatda bu toparyň başlyklarynyň duşuşygyny geçirmek meýilleşdirilýär. Onuň dowamynda ikitaraplaýyn ykdysady hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi ara alnyp maslahatlaşylar.


şu gün 19:20
266

Türkmenistan we Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi

22-nji iýunda Warşawa şäherinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň we Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Robert Baganyň arasynda......

düýn 16:02
1.1k+

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

20.06.2026 11:41
4.1k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

20.06.2026 11:35
3.9k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......