Gurbanguly Berdimuhamedow Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül goýmak dabarasyna gatnaşdy

  • 11.10.2024 12:32
  • 9.7k+

Şu gün, 11-nji oktýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Köpetdagyň ajaýyp künjeginde bina edilen Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül goýmak dabarasyna gatnaşdy. Bu barada TDH habar berýär.

Şeýle-de dabara Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň häkimi, ýurdumyzyň Halk Maslahatynyň we milli parlamentiň wekilleri, syýasy partiýalaryň hem-de jemgyýetçilik guramalaryň, ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, talyp ýaşlar gatnaşdylar. 
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyjy hem-de Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tagallalary bilen paýtagtymyzyň günorta böleginde gurlan Magtymguly Pyragynyň ýadygärligi we adybir medeni-seýilgäh toplumy Aşgabadyň binagärlik keşbine aýratyn öwüşgin çaýýar.


27.06.2026 19:38
5.2k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
1.9k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3.1k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.4k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......