Hans Meisner strasse: Aşgabadyň 1970-nji köçesine professor Hans Maýsneriň ady dakyldy

  • 11.10.2024 10:08
  • 11k+

Aşgabatda Arçabil şaýolundan başlap, Halkara kardiologiýa merkezine barýan 1970-nji köçäniň adyna germaniýaly belli kardiohirurg, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Hans Maýsneriň ady dakyldy. Mundan beýläk bu köçe "professor Hans Maýsner şaýoly" (professor Hans Meisner strasse) diýlip atlandyrylar. Türkmenistanyň Mejlisi degişli Karar çykardy.

10-njy oktýabrda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Aşgabatda «Kalbyň şypasy» atly binanyň hem-de durky täzelenen bu şaýoluň açylyş dabarasy boldy. Gurbanguly Berdimuhamedow professor Hans Maýsneriň saglygy goraýyş ulgamynda türkmen-german gatnaşyklaryny ösdürmäge goşan goşandynyň uludygyny aýratyn belläp, hemmeleri bu şanly waka bilen ýene bir gezek tüýs ýürekden gutlady.

"Şu günki şanly dabara meniň üçin ýatdan çykmajak pursatlara beslendi. Häzirki zaman hassahanalary bina edilen bu ajaýyp köçä meniň adymyň dakylmagy durmuşymda aýratyn tolgundyryjy, unudylmajak wakadyr. Türkmenistana her gezek gelenimde, ýurduň näderejede özgerýändigine, şol sanda milli saglygy goraýyş ulgamynyň ösdürilýändigine göz ýetirýärin. Muňa meniň hem şahsy goşandymyň bardygyna buýsanýaryn" diýip, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Mýunhen şäherindäki Kardiologiýa merkeziniň direktory Hans Maýsner belledi.


19.06.2026 10:10
3.3k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.3k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

17.06.2026 11:24
7k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......

15.06.2026 22:10
3.9k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......