NASA peýdasyz datçigi öçürip, "Woýajer 2" missiýasynyň ömrüni uzaltdy

  • 08.10.2024 12:12
  • 3.1k+

NASA missiýasyny birnäçe ýyla uzaltjak “Woýajer 2” zondunyň ylmy enjamlaryndan birini öçürdi. Ondaky Plazma Science (PLS) tejribesine girýän datçik zond ýyldyzlararasy giňişlige çykanyndan soň, peýdasyz bolup galdy.

Tygşytlanan elektrik energiýasy “Woýajer 2-ä” hatda 2030-njy ýyllaryň başynda hem ylmy maglumatlary ýygnamagy dowam etmäge kömek eder.
2024-nji ýylyň 26-njy sentýabrynda NASA topary Ýerden “Woýajer 2-ä” elektrik energiýanyň sarp edilişini tygşytlamak barada buýruk iberdi.
Häzirki wagtda zond Ýerden 20,5 milliard kilometr uzaklykda ýerleşýär. “Woýajer 1” ondan, takmynan, 5 milliard km öňde barýar. Şeýle-de bolsa, “Woýajer 1” zondy has gymmatly enjam hasaplanylýandygy sebäpli, NASA energiýä durnuklaşdyryş amallaryny geçirmek üçin töwekgelçilik etmedi.
Bu ýyl zondlaryň ikisi hem 47 ýaşaýar. Indi olaryň 50 ýaşa ýetmek, hatda indiki ýubileýini hem görmäge mümkinçiligi bar.


düýn 10:53
1.7k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.1k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.3k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....