Serdar Berdimuhamedow we Gurbanguly Berdimuhamedow Wladimir Putini doglan güni bilen gutladylar

  • 07.10.2024 10:19
  • 16k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putine doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we hoşniýetli arzuwlaryny iberdiler.

“Biz Türkmenistanda döwletlerimiziň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň ösdürilmegine goşýan şahsy goşandyňyza ýokary baha berýäris hem-de hoşniýetli goňşuçylygyň, özara hormat goýmagyň, ynanyşmagyň köpýyllyk däplerine daýanýan strategik hyzmatdaşlygymyzyň mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna ynanýarys” diýip, Serdar Berdimuhamedow hatynda belleýär.

“Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky däp bolan dostlukly, uzak möhletleýin we strategik häsiýete eýe bolan gatnaşyklar ähli ugurlar boýunça yzygiderli ösdürilýär. Bilelikdäki tagallalarymyzyň netijesinde türkmen-rus döwletara gatnaşyklarynyň, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň halklarymyzyň bähbidine mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna berk ynanýaryn” diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri hatynda belleýär.

RF-niň Prezidenti Wladimir Putin 7-nji oktýabrda doglan gününi belleýär. Şu gün ol 72 ýaşady.


düýn 16:07
1.7k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 12:34
3.2k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 11:32
2.6k+

Türkmen pileçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, borçnamalaryny doly berjaý etdiler

Türkmenistanyň pileçi kärendeçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler....

14.05.2026 19:01
1.9k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....