Türkmen ilçisi Gruziýanyň Parlamentiniň Medeniýet meseleleri boýunça komitetiniň başlygy bilen duşuşdy

  • 05.10.2024 11:41
  • 2.6k+

3-nji oktýabrda Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçisi D.Seýitmämmedow Gruziýanyň Parlamentiniň Medeniýet meseleleri boýunça komitetiniň başlygy E.Bolkwadze bilen duşuşdy.

Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-gruzin hyzmatdaşlygynyň ähli ugurlary boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň işjeň ösýändigini, şeýle hem halkara hyzmatdaşlygyň we özara düşünişmek däplerine esaslanýan gatnaşyklaryny pugtalandyrmak, ýurtlaryň arasynda oňyn gepleşikleri saklamaga ýardam berýän möhüm gurallaryň biri hökmünde parlamentara hyzmatdaşlygyň ähmiýetini belläp geçdiler. Şunuň bilen birlikde, medeni-ynsanperwer ugry ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň gün tertibinde aýratyn orny eýeleýändigi nygtaldy.
Taraplar şu ýylyň aprel aýynda Gruziýanyň Parlamentiniň başlygy Şalwa Papuaşwiliniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiniň Türkmenistana bolan saparyny, şeýle hem Türkmenistanyň Mejlisiniň wekiliýetiniň Gruziýa amala aşyran saparlaryny bellediler.
Ilçi E.Bolkwadzeni ilçihana tarapyndan beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen çäreler bilen tanyşdyrdy, şeýle hem geljekde geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreler dogrusynda durup geçdi.
E.Bolkwadze hem öz gezeginde, hyzmatdaşlyga taýýardygyny hem-de bular ýaly çäreleriň geçirilmegi türkmen halkynyň milli medeniýetiniň we sungatynyň giňden tanalmagyna, şeýle hem iki ýurduň halklarynyň arasyndaky medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkemegine uly goşant goşjakdygyny aýtdy.


düýn 20:55
2.2k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.2k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.5k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......