Raşid Meredow Ýewropa Bileleşiginiň Halkara hyzmatdaşlygy boýunça komissary Ýutta Urpilaýnen bilen duşuşdy

  • 05.10.2024 11:34
  • 2.9k+

3-nji oktýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Ýewropa Bileleşiginiň Halkara hyzmatdaşlygy boýunça komissary Ýutta Urpilaýneniň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynda habar berdiler.

Gepleşikleriň dowamynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Bilelikdäki başlangyçlaryň we maksatnamalaryň durmuşa geçirilişine garaldy.
Hazarüsti ulag geçelgesiniň Utgaşdyryjy platformasynyň (TMTM) işe goýberilmegine aýratyn üns berildi. Platformanyň TMTM-daky taslamalara ýardam berjekdigi hem-de geçelgäni durnukly we täsirli ugra öwürmek üçin giň gerimli tagallalary durmuşa geçirmekde gyzyklanma bildirýän taraplary birleşdirjekdigi nygtaldy.
Söhbetdeşler «Ýewropa Bileleşigi Türkmenistanyň ýaşyl ösüşi üçin: 2024-2028-nji ýyllar üçin syýasy dialog we howanyň üýtgemegine garşy hereketler» atly GIZ-iň maksatnamasynyň ähmiýetini bellediler. Bu taslama Merkezi Aziýada suw, energiýa we howanyň üýtgemegi boýunça «Team Europe» başlangyjynyň bir bölegi bolmak bilen, ÝB-niň ülňülerini, öňdebaryjy halkara tejribesini ulanmak arkaly ýaşyl durnukly ösüş babatynda Türkmenistanyň tagallalaryna goldaw bermäge gönükdirilendir.
Duşuşygyň dowamynda sanly aragatnaşyk we suw serişdelerini dolandyrmak pudagynda hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerine garaldy. ÝB-niň Komissary sanly bileleşme ugrunda «Team Europe» maksatnamasynyň täsirliligine ýokary baha berdi we bu babatda Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge taýýardygyny tassyklady.
Şeýle hem söwda we işewürligi ösdürmek, bilim we saglygy goraýyş, energetika we hukuk goraýjy edaralaryň mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak ýaly dürli ugurlarda durmuşa geçirilýän ikitaraplaýyn we sebitleýin maksatnamalar barada pikir alşyldy.


şu gün 07:51
1.4k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

düýn 23:05
1.8k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......

düýn 16:45
1k+

Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna gatnaşýar

23-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilýän OPEK Gaznasynyň......

23.06.2026 22:17
2.1k+

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......