9-12-nji oktýabrda Aşgabatda we welaýatlarda saglygy goraýyş desgalary açylar

  • 05.10.2024 11:11
  • 9.6k+

4-nji oktýabrda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Orazdurdyýewa Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, baýramçylygyň öňüsyrasynda, 9 — 12-nji oktýabrda:

  • Aşgabat şäherinde Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki we Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezleri;
  • Türkmenabat şäherinde glisirrizin turşusyny öndürýän kärhana;
  • Mary şäherinde Mary welaýatynyň hem-de Mary şäheriniň Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gulluklarynyň edara binalary dabaraly açylyp ulanmaga berler 

Şeýle hem “Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe” atly halkara sergi hem-de ylmy maslahat geçiriler.
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde zähmetde tapawutlanan saglygy goraýyş işgärlerine döwlet sylaglary gowşurylar.

Türkmenistanyň Prezidenti wise-premýere Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli ulanmaga beriljek häzirki zaman saglygy goraýyş desgalarynyň açylyş dabarasynyň ýokary derejede geçirilmegini üpjün etmegi, «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergä we ylmy maslahata gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy.


düýn 23:14
4.9k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......

05.06.2026 17:46
2.7k+

Beýik Britaniýada düwnük çişlerini ýok edýän sanjym synagdan geçirildi

Beýik Britaniýada «Amiwantamab» derman serişdesiniň kliniki barlaglary tamamlandy. Synaglaryň dowamynda kelläniň we boýnuň düwnük keseliniň agyr görnüşlerinden ejir çekýän hassalaryň käbirinde çişleriň ep-esli......

05.06.2026 15:54
4k+

Hytaý dünýäde ilkinji bolup beýni implantynyň täjirçilik maksatly ulanylmagyna rugsat berdi

Hytaý dünýäde inwaziw «beýni–kompýuter» interfeýsiniň (Brain-Computer Interface, BCI) täjirçilik maksatly ulanylmagyny resmi taýdan tassyklan ilkinji ýurt boldy....