Türkmenistanyň nebitgaz ýokary okuw mekdebiniň işläp taýýarlamalary Dubaýda WETEX 2024 sergisinde görkezildi

  • 04.10.2024 22:23
  • 8.6k+

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň wekilleriniň 30-njy sentýabrdan 4-nji oktýabr aralygynda BAE-de saparda bolýarlar. Saparyň çäklerinde türkmen wekiliýeti 1-3-nji oktýabr aralygynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherindäki Dubai World Trade Centre Halkara sergi merkezinde geçirilen «Suw, energiýa, tehnologiýalar we daşky gurşaw» (WETEX 2024) atly halkara sergisine gatnaşdy diýip, Türkmenistanyň "Nebit-Gaz" elektron neşiri habar berýär.

WETEX 2024 dünýäniň 62 ýurdundan 2600-e golaý kompaniýalary bir ýere jemledi. Sergide gün, ýel we wodorod energetikasy, nebitgaz pudagynda ornaşdyrylýan döwrebap tehnologiýalar ulgamyndaky taslamalar, suwy gaýtadan işlemegiň we arassalamagyň iň täze tehnologiýalarynyň, şeýle hem durnukly ösüşi we ekologiýanyň goraglylygyny üpjün edýän innowasion çözgütleriň nusgalary görkezildi.
Türkmen wekiliýeti sergide ýeliň energiýasyny elektrik toguna öwürýän tehnologiýanyň işlenilip taýýarlanylyşyny görkezdi. Onuň nusgasy uniwersitetiň wekilleri tarapyndan taýýarlanyldy hem-de «Dragon Oil» nebitgaz kompaniýasynyň sergi bölüminde tanyşdyryldy. Şeýle hem bu ýerde türkmen ýokary okuw mekdebiniň işläp taýýarlamalary barada gürrüň berýän wideoşekilleriň yzygiderli görkezilmegi guraldy.
Bu taslamanyň Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň, «Türkmennebit» döwlet konserniniň hem-de «Dragon Oil (Turkmenistan) Ltd» kompaniýasynyň bilelikdäki işleriniň oňyn netijeleriniň biri bolup durýandygyny bellemek gerek. Şeýle işler oňa gatnaşyjylaryň 2022-nji ýylyň 7-nji iýunynda gol çeken ylym we bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk hakynda şertnamanyň esasynda üstünlikli alnyp barylýar.
Şertnamanyň çäklerinde Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiň mugallymlary we talyplary gaýtadan dikeldilýän çeşmelerden elektrik energiýany öndürmek üçin ýel energetikasy ulgamynda ylmy taýdan esaslandyrylan innowasion tehnologiýany işläp düzdüler hem-de onuň taslamasyny taýýarladylar. Geljekde «Dragon Oil (Turkmenistan) Ltd» kompaniýasy bilen bilelikde bu işläp taýýarlamany Hazar deňziniň kenarynda önümçilige ornaşdyrmak meýilleşdirilýär.
Serginiň dowamynda türkmen wekiliýeti «Dragon Oil» kompaniýasy tarapyndan guralan okuw maslahatyna gatnaşdylar. Ol energetikanyň geljegine, nebitgaz pudagyndaky täze tehnologiýalara, metanyň howa bölünip çykmagyny peseltmäge, nebitli galyndylar bilen baglanyşykly ekologiýa meselelerine bagyşlandy.


düýn 17:31
929

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

düýn 15:39
1.5k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
2.7k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

04.06.2026 12:34
4.4k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....