Nýu-Ýorkda Türkmenistanyň we Nikaraguanyň DIM-niň ýolbaşçylary duşuşdy

  • 03.10.2024 10:59
  • 1.8k+

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Nýu-Ýork şäherine iş saparynyň çäklerinde Nikaraguanyň daşary işler ministri Waldrak Lýudwig Witaker bilen duşuşdy.

Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Nikaraguanyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň derejesini ara alyp maslahatlaşdylar. Iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeleri geçirmek mehanizminiň ýola goýulmagyň maksadalaýykdygy bellenildi.

Taraplar parlamentara gatnaşyklaryny ilerletmek üçin degişli derejede özara saparlary guramagyň möhümdigini bellediler. BMG we beýleki abraýly düzümleriň çäginde parahatçylyksöýüjilikli başlangyçlary öňe sürmek üçin bilelikdäki tagallalaryň ähmiýeti nygtaldy.

Duşuşykda söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge gyzyklanma bildirildi. Mundan başga-da, taraplar ylym, medeniýet, sport, syýahatçylyk ugurlarynda hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň we ileri tutulýan ugurlarda ikitaraplaýyn hukuk binýadyny berkitmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.


düýn 19:38
2.3k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.1k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......